Futzal, Naýbaşy liga ― 2020: Köpetdag üç aýlawda soňra ýaryşyň başyny çekýär

Futzal, Naýbaşy liga ― 2020: Köpetdag üç aýlawda soňra ýaryşyň başyny çekýär

Ýurdumyzyň futzal ligasynda 21-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Üçünji aýlawyň jemleýji 21-nji tapgyrynda “Olimpden” 14:1 hasabynda üstün çykan “Köpetdag” topary toplan 55 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär.

“Migrasiýa” bilen duşuşan “Senagatbank” deňlik bilen oňňut etmeli boldy (0:0).

Bu tapgyrdan soň “Senagatbank” 40 utugy bilen ikinji, 38 utugy bolan “Migrasiýa” bolsa üçünji orunlary eýeleýärler.

Tapgyryň beýleki duşuşygynda “Deňizçi” “Serhetçiden” (9:3) üstün çykdy.

“Köpetdag” toparynyň oýunçysy Mülkaman Annagulyýew derwezelere geçiren 44 topy bilen iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdäki orny eýeleýär.

Naýbaşy futzal ligasynyň dördünji aýlawynyň ilkinji tapgyry (22-nji tapgyr) duşuşyklary 30-njy oktýabrda geçiriler.

XXI tapgyryň netijesi:

Ýaryş tertibi:

30.10.2020 ý. XXII-tapgyr

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Kuraş boýunça dünýä çempionaty badalga aldy, Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbe şäherine ugrady, Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanun çap edildi we beýleki habarlar
Naýbaşy futzal ligasy: Deňizçi birinji orna geçdi
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Senagatbank bassyr ikinji ýeňşini gazandy
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Senagatbank futzal topary ligada we kubok ýaryşynda üstünlikli çykyş etmegi maksat edinýär
Awazada futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi çempionlyk ýaryşynda ýene ýara aldy