Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy

Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy

19-njy oktýabrda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Ýeri gelende bellesek,18-nji oktýabrda Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Başlygynyň çakylygy boýunça Bir guşak, bir ýol atly üçünji ýokary derejeli maslahata gatnaşdy.

Iş saparynyň tamamlaýjy gününde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy boldy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halk ýygnaklar öýünden Pekiniň Şoudu Halkara howa menziline bardy. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy HHR-iň tebigy serişdeler ministri Wan Guanhua we beýleki resmi adamlar ugratdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hytaý tarapynyň wekilleri bilen mähirli hoşlaşyp, uçarda Watanymyza ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Bu ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili türkmen halkynyň Milli Liderini HHR-e saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.Bellenilişi ýaly, hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bir guşak, bir ýol üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmagy Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň we jogapkärli çemeleşýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň taraplaryň hoşmeýilli erkine, deňhukukly strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň HHR-iň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen, şol sanda Daşary işler ministrlikleriniň ugry, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlary boýunça duşuşyklary geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň HHR-e iş sapary tamamlandy
Türkmenistan we Hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegi ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti V Bütindünýä media-sammitiniň işine gatnaşdy
Si Szinpin Pekinde Olaf Şols bilen duşuşdy
Si Szinpin: Hytaý siwilizasiýanyň täze görnüşini döretdi