Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň wekiliýeti Guançjouda birnäçe işewür duşuşyklary geçirdi

Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň wekiliýeti Guançjouda birnäçe işewür duşuşyklary geçirdi

Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň ýolbaşçylary Hytaýyň Guançjou şäherinde gualan Kanton ýarmarkasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe işewür duşuşyklary geçirdiler.

Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň gämi gurluşyk pudagynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen agentligiň wekilleri kebşirleýiş elektrodlary we sim öndürmek bilen meşgullanýan TIANJIN MINMETALS CO.,LTD kompaniýasynyň hünärmenleri bilen gepleşikleri geçirdiler.

Şeýle hem TIANJIN GOLDEN BRIDGE WELDING MATERIALS GROUP CO.,LTD., korporasiýasynyň, BMM SCIENCE & TECHNOLOGY kompaniýasynyň, THREE WAY GROUP EXHAUST kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyklar boldy. Bu kompaniýalar gämileriň hereketlendirijleriniň daşky gurşawa ýetirýän zyýanyny azaltmakda ulanylýan enjamlary öndürýärler. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyklarda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň hem-de Hazar deňziniň ekologiki abadançylygyny üpjün etmek boýunça pikir alşyldy.

Mundan başga-da, gämi gurluşygynda ulanylýan şifer materiallaryny öndürýän CANGZHOU XINDINGLI COLD BENDING MACHINERY CO.,LTD, ZHENGZHOU CITY UNITES STEEL INDUSTRIAL CO., LTD we SHANDONG ZHONGSHENG MATERIALS CO.,LTD ýaly kompaniýalaryň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.

Türkmenistan bilen Hytaýyň ulag-logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy diňe bir iki ýurduň ösmegine däl, eýsem, sebitleriň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem goşant goşar. Şeýle hyzmatdaşlygyň ösmegi bilen, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly harytlaryň üstaşyr geçişine garaşyp bileris, bu bolsa öz gezeginde uzak möhletleýin ykdysady ösüşe goşant goşar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda mundan 12 ýyl öň ýiten oglanjyk maşgalasyna gaýdyp geldi
Mişlen ýolbeledi iň arzan restoranlary bolan şäherdir ýurtlary anyklady
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň HHR-e iş sapary tamamlandy
Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy
Türkmendeňizderýaýollary agentligi kanton halkara sergisine gatnaşdy