Gaitide ýangyç daşaýan ulagyň partlamagy netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Gaitide ýangyç daşaýan ulagyň partlamagy netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Gaitiniň demirgazygyndaky Kap-Aitýen şäherinde ýangyç daşaýan ulagyň partlamagy netijesinde ýogalanlaryň sanynyň 90 adama ýetendigi habar berildi.

Sebitiň metbugatynda berilen habarlara görä, 14-nji dekabrda bolan güýçli partlamada ýogalanlaryň sany artdy.

Resmiler, ýogalanlaryň sanynyň 15 adam artyp, 90-a ýetendigini, saglyk ýagdaýy tankydy bola adamlaryň bejergileriniň dowam edýändigini habar berdiler.

Beýleki tarapdan ýurtda ýaragly toparlar tarapyndan girizilen gabaw we howpsuzlyk meseleleri sebäpli 700 müň adamyň ynsanperwer kömege mätäçdigi we ýangyç krizisiniň başdan geçirilýändigi öňe sürüldi.

Gaitiniň Premýer ministri Ariel Henri, başdan geçirilen tragediýa sebäpli ýurtda 3 günlük resmi ýasyň yglan edilendigini beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Henrik Hololeý: ÝB-Türkmenistan hyzmatdaşlygyny ähli ugurlarda berkitmäge uly mümkinçilikler bar
Täze film
“Fulham” “Premier Liga” dolandy
Oskar akademiýasynyň täze agzalary
Kitaphanalar müňlerçe kitaby nädip klassifikasiýa edýär?
Sportuň taryhynda bu hepde
Dünýä Kubogynyň finaly: “Liwerpul”“Flamengo”