Henrik Hololeý: ÝB-Türkmenistan hyzmatdaşlygyny ähli ugurlarda berkitmäge uly mümkinçilikler bar

Henrik Hololeý: ÝB-Türkmenistan hyzmatdaşlygyny ähli ugurlarda berkitmäge uly mümkinçilikler bar

Ýewropa Komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça Baş müdirliginiň Ýörite derejeli geňeşçisi Henrik Hololeý Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen Türkmenistanyň arasynda ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy we esasy ugur hökmünde özara ulag arabaglanyşygyny görkezdi.

Henrik Hololeý Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde şu ýylyň 29-30-njy ýanwarynda geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň Maýadarlar forumynyň çäginde “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren interwýusynda Türkmenistanyň geografiýa taýdan amatly ýerde ýerleşmegi we döwrebap ulag infrastrukturasynyň, has takygy Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň bolmagy bu ugurda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga oňyn şertleri döredýändigini mälim etdi.

Şeýle hem Henrik Hololeý Türkmenistanda ulag diplomatiýasy adalgasy esasynda alnyp barylýan syýasata ýokary baha berdi we geljekde sebitara ulag geçelgelerini has hem özgertmekde Türkmenistanyň uly goşant goşjakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Mundan başga-da, Henrik Hololeý Türkmenistan bilen ÝB-niň kompaniýalaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, muňa mysal hökmünde Türkmenistany esasy ulag merkezi hökmünde ulanýan “Cargolux” kompaniýasyny görkezdi. Şeýle hem ol türkmen bazarynda iş alyp barýan Ýewropa kompaniýalaryň sanyny artdyrmagyň mümkinçiliginiň bardygyny nygtady.

Ýewropa Komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça Baş müdirliginiň Ýörite derejeli geňeşçisi Henrik Hololeý Brýusselde geçirilen maýadarlar forumynyň esasy maksatlarynyň biriniň hem Ýewropanyň, Türkmenistanyň we beýleki gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň kompaniýalarynyň hem-de maýadarlarynyň arasynda gatnaşyklary has-da artdyrmak bolup durýandygyny belledi.

Brýusselde geçirilen maýadarlar forumynyň çäklerinde sişenbe güni Türkmenistanyň ulag pudagyna we onuň mümkinçiliklerine bagyşlanan ýörite mejlis geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Tom Kruz üçin ýerine ýetirip bolmajak missiýa ýok (Hepdäniň täze filmi)
“Titanik” gämisiniň ýolagçysynyň haty 12 müň dollara satyldy
Hepdäniň täze animasiýalary
DÇ-2022: Meksika ýeňiş bilen mundialy terk etdi
Gaitide ýangyç daşaýan ulagyň partlamagy netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy
Iki äpediň söweşi (Godzillanyň garşysyna Kong)