Garaşsyzlyk halkymyzyň guwanjy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralar merkeziniň bilelikde guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Garaşsyzlyk halkymyzyň guwanjy ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýete eýe bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyny uludan toýlamak asylly däbe öwrülendigi, Garaşsyzlyk ýyllarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, bedew batly wakalar döwrüň beýik sepgitleriniň durmuş hakykatynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlaryň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge giň mümkinçilikleriň döredilendigi hakynda aýtdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Halk bähbitli netijeli işler
Watan waspy goşgularda
Wagyz-nesihat
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk demokratiýasynyň kämil nusgasy
Garaşsyzlyk baky bagtyň ak ýoly