Garaşsyzlyk-türkmeniň mukaddes ýoly

Lebap welaýat kitaphanasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda bu medeni ojagyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda “Garaşsyzlyk-türkmeniň mukaddes ýoly” ady bilen maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Garaşsyzlyk baýramy özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi, öz ýurduň hakyky eýesi bolmak, parahatçylyk we asuda durmuş hakynda edilen arzuwlaryň amala aşandygyny, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny alamatlandyrýandyklary barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar giňişleýin kitap sergisine syn etdiler.

Bitaraplyk ýörelgesini baýdak edinip, Garaşsyzlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Merdana halkyna işlemäne,ýaşamana ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Garaşsyzlyk bagtymyzyň şuglasy bedew batly öňe barýar Diýarym
Ylmyň ösüşi döwletiň we jemgyýetiň galkynyşy
“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
Çagalaryň oýun bäsleşigi
Ak sandygym açyldy, içinden nur saçyldy