Gazadaky Ýesirleriň Hossarlary Katara Gitdi

Gazadaky Ýesirleriň Hossarlary Katara Gitdi

Gazadaky ýesirleriň hossarlary, Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda täze ýesir çalşygy ylalaşygynyň gazanylmagy üçin gepleşikleriň geçirilmegi talaby bilen ilkinji gezek Katara gitdi.

Ysraýylda ýaýlym berýän Channel 12-niň habaryna görä, Gazadaky 6 ýesiriň hossary, Katarda ABŞ-nyň Katardaky ilçisi Timmy Dewis, Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri Şyh Muhammed bin Abdurrahman Al Sani bilen duşuşar.

Ysraýylly ýesirleriň maşgalalary, Gazadaky hosarlarynyň boşadylmagy üçin täze ýesir çalşygy ylalaşygynyň gazanylmagy üçin gepleşikleriň geçirilmegi talaby bilen ilkinji gezek Katara gitdi.

Ysraýylyň harby goşunynyň metbugat sekretary Hagari, Gaza Sektorynda Hamasyň elinde ysraýylly 136 ýesiriň galandygyny mälim edipdi.

Hamasyň Hassam atly ýaragly harby topary, Ysraýyla garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda hüjüm başladypdy we köp sanly ysraýyllyny ýesir alypdy.

Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda ýesir çalşygy meselesinde gazanylan ylalaşyga laýyklykda ysraýylly 81, palestinaly hem 240 ýesir boşadylypdy.

Ýene degişli makalalar

Daşary Işler Ministri Fidan Katara Gitdi
Hakan Fidan Katarda Saparda Bolar
Hakan Fidan katarly kärdeşi Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Daşary Işler Ministri Fidan, Katarly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Mewlüt Çawuşogly Kambojada saparda bolýar
Çawuşogly Kambojada IV ASEAN-Türkiýe Pudaklaýyn dialog hyzmatdaşlygyň 3-nji maslahatyna gatnaşdy