Kataryň we Müsüriň Daşary işler ministri sebitara wakalar hakynda pikir alyşdy

Kataryň we Müsüriň Daşary işler ministri sebitara wakalar hakynda pikir alyşdy

“Anadoly habarlar” gullugynyň berýän habaryna görä, Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri Muhammed bin Abdurrahman Al Sani, Müsüriň Daşary işler ministri Bedr Abulati bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kataryň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannama göra, iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy bilen birlikde sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Taraplar esasan ABŞ bilen Eýranyň arasynda gazanylan ylalaşyk etaby we dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin edilýän tagallalar hakynda pikir alyşdy.

Al Sani taraplaryň arasyndaky dartgynlygyň parahatçylykly ýagdaýda gepleşik arkaly çözülmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Al Sani taraplaryň arasynda parahatçylygyň ýola goýulmagynyň sebitiň howpsuzlygyna we durnuklylygyna goşant goşjakdygyny ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Kataryň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Katarly we Müsürli Kärdeşler Ysraýyl Bilen Hamasyň Arasyndaky Gepleşikler Hakynda Pikir Alyşdy
Daşary işler ministri Hakan Fidan Katarda saparda bolýar
Çawuşogly Kambojada IV ASEAN-Türkiýe Pudaklaýyn dialog hyzmatdaşlygyň 3-nji maslahatyna gatnaşdy
Mewlüt Çawuşogly Kambojada saparda bolýar
Erdogan, Yslamy Arkalaşyk Oýunlaryna Gatnaşýan Ýurtlaryň Liderleriniň Hormatyna Nahar Berdi