Gazagystan Millet Kitaphanasyna 200-den Gowrak Kitap Sowgat Etdi

Gazagystan Millet Kitaphanasyna 200-den Gowrak Kitap Sowgat Etdi

Gazagystanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Gazagystandan Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Millet kitaphanasyna 200-den gowrak edebi eseriň gowşurylmagy mynasybetli Ankarada dabara guraldy.

Dabara Gazagystanyň Türkiýedäki İlçisi Abzal Saparbekuly, Gazagystanyň Milli akademik kitaphanasynyň Başlygy Umutkan Manalbaýewa we Prezidentiň ýanyndaky Kitaphanalar departamentiniň Başlygy Aýhan Tuglu bilen myhmanlar gatnaşdylar.

İlçi Saparbekuly dabarada sözlän sözünde: “Millet kitaphanasyna gowşuryljak kitaplaryn Gazagystan bilen Türkiýäniň arasndaky edebi we ynanperwer gatnaşyklaryň ösmegine, gazak we türk halklarynyň arasyndaky doganlygyň güýçlenmegine goşant goşjakdygyna ynanýaryn” diýdi.

Gazagystanyň Milli akademik kitaphanasynyň Başlygy Umutkan Manalbaýewa bolsa; “Maksadymyz we arzuwymyz türki dilli döwletleriň jebisligi, doganlyk türki halklaryň edebiýatynyn hem-de medeniýetiniň mizemezligi” diýdi.

Ýene degişli makalalar

TÄZE GELEN ERTEKI KITAPLAR BILEN TANYŞMAK
GÖR NÄHILI HEZILLIK BAHAR GELSE ILIME, SURATYNY ÇEKEÝIN, GALAM ALYP ELIME
KITAPHANANYŇ USULY IŞLERI
KITAPHANA SYNY
GARAŞSYZ,BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN- BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
DÖWLET KITAPHANASYNYŇ TARYHY WE ONUŇ BÖLÜMLERI BILEN TANYŞDYRMAK
TÜRKMENISTANYŇ OGUZ HAN ADYNDAKY INŽENER-TEHNOLOGIÝALAR UNIWERSITETINIŇ TALYPLARYNYŇ DÖWLET KITAPHANASYNA GEZELENJI