Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň döwlet dükanynda ilata ýeňillikli bahadan paýlanýan uny almagyň üstünde dörän ýakalaşygyň netijesinde bir aýal heläk boldy. Waka bilen bagly dükan satyjysy tussag edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmesi 18-nji iýulda sebitden maglumat berdiler.
Waka 14-nji iýulda etrabyň 3 kilometr çemesi gündogarynda ýerleşýän Ýagtylyk daýhan birleşigindäki (öňki Leningrad obasy) 19-njy dükanyň öňünde boldy. Şonda un almagyň üstünde dörän ýakalaşykda 45 ýaşlaryndaky aýal dükanyň basgançaklaryndan ýykylyp, jan berdi.
“Anna güni Göroglyda howanyň temperaturasy gündiz, kölegede 44 gradusdan aşdy. Şonda üç aý bäri un paýogunyň paýlanmagyna garaşýan 300-den gowrak adam dükanyň öňüne üýşdi. Adamlar dükanyň öňünde kölege tapman, Günüň aşagynda durup, öýlän sagat 4-e çenli un paýlarynyň berilmegine garaşdylar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.
Dükan işgäri sagat 4-de gelen unuň möçberiniň azdygyny aýdansoň, adamlar dükanyň gapysynyň öňüne ylgadylar. Kagyza ýazylan nobatlar goýbolsun edilip, adamlar alan-alanyňky etdiler. Netijede, oba adamlarynyň arasynda dörän dawa-jenjel ilki ýakalaşma, soňra-da ýumruklaşma baryp ýetdi.
“Şonda alty çaganyň ejesi paýok gurbany boldy. Ýakalaşmanyň netijesinde bolan itekleşmede ol dükan basgançagyndan ýykylýar we kellesi basgançagyň gyrasyna güýçli baryp degýär. Ol agyr trawma alyp, wakanyň bolan ýerinde jan berýär” diýip, çeşmämiz belledi.
Azatlykda aýalyň ady barada maglumat bolsa-da, ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Oba adamlary aýaly etrap hassahanasyna alyp barýarlar. Ýöne bu ýerdäki lukmanlar onuň ölendigini tassyklaýarlar.
Waka bilen bagly etrabyň jenaýat agtaryş bölümi derňew işini geçirip başlady we dükan satyjysy tussag edildi.
“Adamlar dükanlara dyzap girmäge çalyşýan mahaly, dükan satyjysynyň olary itip goýberendigi we merhum aýalyň aýagynyň taýyp, basgançakdan ýykylyp ölendigi barada maglumat bar. Dükan wideokameralary hem barlanýar. Şeýle-de, waka bilen bagly nobatdaky adamlaryň ählisi hem etrap polisiýada soraga çekilýär” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Görogly etrap polisiýasyndan, söwda bölüminden we etrap hassahanasyndan, şeýle-de agzalýan dükandan kommentariýa alyp bilmedi.
Bu waka, Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan unuň we çöregiň ýiti gytçylygynyň dowam edýän we ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda, barha köp maşgalanyň bu önümlere garaşly bolup galýan mahalyna gabat geldi.
Türkmenistanyň döwlete degişli azyk dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan azyk paýlarynyň sanawynda un, buhanka çöregi we ösümlik ýagy saklanyp galýar.
Döwlet dükanynda bir kilogramy 1 manat bolan un hususy söwdada 10-12 manada satylýar. Şeýle-de, buhanka çöregi 60 teňňeden satylýan mahaly, iň arzan tamdyr çöreginiň bahasy 3 manatdan başlanýar.
Soňky aýlarda ýurduň dürli sebitlerindäki döwlet dükanlarynda ilata aýda bir gezek 5 kilogramdan paýlanmaly un ençeme aýlap, käte alty-ýedi aý soň paýlanýar. Käbir dükanlarda raýatlara bäş kilogram una derek diňe bir kilogram un berilýär.
Şeýle-de, dükanlarda ilata her gün paýlanmaly çörek-de tapdyrman başlady. Uzyn nobatlarda garaşýan adamlar ýeterlik mukdarda çörek satyn alyp bilmeýärler.
Mundan başga-da, ilata bazar nyrhyndan gymmat satylýan, ýaramlylyk möhleti geçen önümleri satyn almadyk raýatlara un paýlary berilmeýär.
Bu ýagdaýlar, käte alyjylar bilen satyjylaryň arasynda dawa-jenjeliň döremegine, käte-de onuň urşa ýazmagyna hem sebäp bolýar.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda bugdaý planynyň doly ýerine ýetirilendigini tas her ýyl gaýtalaýarlar. Ýöne olar unuň we çöregiň ýyllarboýy saklanyp galýan gytçylygy we onuň ilat arasyndaky netijelerini agzamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
