Singapurda köp gezek ulanylýan kagyz oýlanyp tapyldy

Singapurda köp gezek ulanylýan kagyz oýlanyp tapyldy

Singapuryň Nanýan tehnologik uniwersitetiniň alymlary öň ýazylan ýazgyny pozup bolýan kagyzy oýlap tapdylar, ol ösümlikleriň tozgajyklaryndan edildi. Täze önüm adamda allergiýa döretmeýär. Bu barada Advanced Materials neşirinde çap edilen makalada habar berilýär diýip, MIR24 ýazýar.

Kagyzy döretmek üçin tozgajyklary ýörite gaýtadan işleýärler, ýuwup guradýarlar, allergiýa dörediji bölejikleri aýyrýarlar. Ondan soň alnan materialy täze suwuklygy özüne siňdirmegini bes edýänçä sirkede ýatyrýarlar, netijede millimetriň ýüzden üç bölegindäki galyňlygy bolan kagyz emele gelýär.

Täze kagyzy döredijiler onda ýokary ölçegdäki şekilleri çap etmek bolýandygyny belleýärler, özem muny ençeme gezek ulanyp bolýar. Kagyzdaky ýazgyny oňa zeper ýetirmän pozup bolýar, ony ýörite serişde bilen ýedi gezek arassalap bolýar.

Oýlap tapyjylaryň sözlerine görä, täze kagyz adaty kagyzy çalşyryp biler we tokaýlaryň müňlerçe gektaryny çapylmakdan halas eder. Tozgajyklardan ýasalan kagyz, olaryň nygtamagyna görä, ekologik taýdan has arassa bolup, tebigata az zyýan ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (15-nji bölüm)
Kagyz ýaly eplenýän ekran
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (30-njy bölüm)
Netflix Şa zenanyň ýörişi hem-de Kagyz jaý seriallarynyň esasynda oýunlary çykarar
Batbörek: kim, haçan oýlap tapdy?
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (38-nji bölüm)