Gruziýanyň jahankeşdelik pudagy girdejisini artdyrdy

Gruziýanyň jahankeşdelik pudagy girdejisini artdyrdy

Gruziýanyň jahankeşdelik pudagynyň girdejileri geçen iýul aýynda pandemiýadan öňki 2019-njy ýyldaky rekord görkezijilerden 20 göterim artdy we 476 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada ýurduň Premýer-ministri Irakliý Garibaşwili beýanat berdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Premýer-ministriň sözlerine görä, pudagyň girdejileri şu ýylyň ýedi aýynda ilkinji gezek 1,6 milliard dollardan agdy. 2019-njy ýylda ol 12 aýda 2,9 milliard dollara barabar bolupdy.

Bu biziň üçin örän begendiriji görkezijilerdir. Ol has köp iş orunlaryny we garyplygyň kemelmegini aňladýar diýip, Garibaşwili nygtady.

Şunlukda 2022-nji ýylyň iýulynda Gruziýa sapara gelenleriň sany 922 müň 200 adama ýetdi, olaryň 749 müň 300-si (81 göterimden gowrak) ýurda dynç almaga gelen jahankeşdelerdir.

Mart-maý aýlary aralygynda ýurda Russiýadan 175400, Türkiýeden 158300, Ermenistandan 136800 adam geldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Gruziýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy
Aşgabatda Gruziýanyň täze Ilçisi işläp başlady
Gruziýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşyk
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Gruziýada Saparda Bolýar
Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýewraziýa sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen edýän gatnaşyklary
Azerbaýjanyň elektrik energiýasyny Ýewropa daşajak täze geçiriji gurlar
Ýewraziýada geçen hepde başdan geçirlen möhüm wakalar