Günüň transfer täzelikleri

“Premier Liganyň” wekili “Tottenham” ispaniýaly çep gyraky goragçysy Serhio Regilony öz ýurduna ugratdy. 25 ýaşly oýunçy “Atletiko” bilen 1 ýyllyk kärendesine şertnama baglaşdy. “Real Madridiň” akademiýasyna futbola başlan Regilony möwsümiň ahyrynda “Atletiko” topary ymykly transfer hem edip biler. 2 möwsüm “Tottenhamda” oýnan Regilon ondan öň “Sewilýada” kärendesine çykyş edipdi.

* * *

Italiýanyň “Milan” kluby “Bundesliganyň” wekili “Şalkeniň” goragçysy Malik Tiawy transfer etdi. Italýan kluby 21 ýaşly oýunçy üçin nemes klubuna 5 million ýewro we käbir goşmaça tölegler berer. “Milan” Germaniýanyň U21 düzüminde-de oýnaýan oýunçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Tiaw geçen möwsümde 31 oýunda 2 gol geçirdi.

* * *

Italiýanyň “Roma” toparynyň 19 ýaşly hüjümçisi Feliks Afena-Gýan karýerasyny “Serie A”-nyň başga bir toparynda “Kremonezede” dowam eder. 26 ýyldan soň ýokary liga çykan klub Afena-Gýan bilen 5 ýyllyk kärendesine şertnama baglaşdy. “Roma” ganaly oýunçynyň transferinden 7 million ýewro alar. Afena-Gýan geçen möwsümde 22 oýunda 2 gol geçiripdi.

* * *

“Premier Liganyň” wekili “Çelsi” ýarymgoragçysy Kallum Hadson-Odoini “Baýer” toparyna kärendesine ugratdy. 21 ýaşly hawbek lewerkuzenliler bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. 2017-nji ýyldan bäri “Çelside” oýnap gelýän Hadson-Odoi londonlylaryň düzüminde 126 oýunda 16 gol geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Italýan kluby 2 futbolçyny transfer etdi
16 duşuşyk 48 gol
Rekordlaryň rekordçysy Ronaldonyň täze taryhy rekordy
Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)
“Milanyň” täze sag gyraky goragçysy
“Brest” topary geň galdyrmagyny dowam edýär (habar-seljerme)