Gurban Berdiýew Gazagystanyň Kaýrat klubunyň baş tälimçisi boldy

Gurban Berdiýew Gazagystanyň Kaýrat klubunyň baş tälimçisi boldy

Türkmen hünärmeni Gurban Berdiýew Kaýrat gazak futbol klubuna baş tälimçi bellenildi. Bu barada klubuň resmi saýty habar berdi.

Hünärmen bilen şertnama ýene-de iki ýyl uzaltmak mümkinçiligi bilen 2021-nji ýylyň ahyryna çenli baglaşyldy. Baş tälimçi wezipesinde ol Alekseý Şpilewskiýniň ornuna geçdi.

Gurban Berdiýew 1952-nji ýylyň 25-nji awgustynda Aşgabat şäherinde dünýä indi. Futbol oýnan ýyllarynda ýarymgoragçy hem-de käte goragçy orunlarynda oýnady. Ol futbol bilen 1959-njy ýylda gyzyklanyp başlaýar. Kolhozçy, SKA we Rostelmaş toparlarynda çykyş edýär. 1977-nji, 1981-1985-nji hem-de 1993-nji ýyllarda Kaýrat toparynda futbolçy boldy. Kaýrat toparynyň düzüminde 175 duşuşykda 34 gezek tapawutlandy.

Gurban Berdiýew Himik toparynda tälimçilik durmuşyna gadam basdy. Soňra Kaýrat toparynyň tälimçisiniň kömekçisi boldy. Berdiýew tälimçi Bahtiýar Baýseitow bilen “Kaýrat” toparyna ilkinji çempionlygyny gazandyrdy. Soňra Berdiýew Türkiýäniň Gençlerbirligi toparyna tälim berdi. 1994-nji ýylda ýene-de Almaty şäherine dolanyp geldi, ýöne bu gezek tälimçi bolup dolanyp geldi.

Soňra ol “Munaýşy”, “Nisa”, “Kristall”, “Rubin” hem-de “Rostow” ýaly toparlara tälim berdi. Bu toparlar bilen çempion bolup, birnäçe kuboklary gazandy. Gurban Berdiýew “Rubin” topary bilen dünýäniň ägirdi Ispaniýanyň “Barselona” toparyny (şol döwürde düzüminde Messi, Hawi, Inýesta ýaly futbolçylar bardy) öz meýdançasynda, ýagny “Kamp-Nou” stadionynda ýeňmegi başaran seýrek tälimçileriň biridir.

Gurban Berdiýew 27-nji maýda “Kaýrat” toparynyň Gözegçilik geňeşiniň ýolbaşçysynyň geňeşçisi wezipesine bellenipdi. 24-nji awgustda bolsa toparyň baş tälimçiligien bellendi.

Ýene degişli makalalar

Gurban Berdiýew 70 ýaşyny tegeledi
Gurban Berdiýew Kaýratyň baş tälimçisi wezipesinden aýryldy
Iwan Danilýans Gurban Berdiýewiň kömekçisi boldy
Berdiýew Eýranyň “Traktor” klubunyň baş tälimçisi we tehniki müdiri boldy
Kaýrat Iwan Danilýansyň doglan gününi gutlady
Gurban Berdiýew Traktor bilen ilkinji türgenleşigini geçirdi
Danilýans heniz Soçiden çakylyk almandygyny aýtdy