Gurbanguly Berdimuhamedow John Deere kompaniýasynyň oba hojalyk bölüminiň prezidenti bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow John Deere kompaniýasynyň oba hojalyk bölüminiň prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow John Deere amerikan kompaniýasynyň oba hojalyk bölüminiň prezidenti Mark fon Pents bilen duşuşdy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutlady hem-de türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, şu baýramçylyk günlerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan hyzmatdaşlary Türkmenistanda mübäreklemäge şatdygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselesi barada durup geçip, oba hojalygynyň milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biridigini, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň bolsa halkyň abadançylygy bilen gönüden-göni baglydygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. John Deere kompaniýasy bilen ýola goýlan işewür gatnaşyklaryň uzakmöhletli häsiýete eýedigi bellenildi. Bellenilişi ýaly, şu ýyl bu işjeň gatnaşyklara 30 ýyl dolýar. Amerikan kompaniýasynyň Türkmenistana iberýän dürli görnüşli oba hojalyk tehnikalarynyň sanynyň artmagy köpýyllyk hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan üçin ýokary hünärli ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak uzakmöhletli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň hem üstünlikli dowam etdirilmegi üçin oňat mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we John Deere kompaniýasynyň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda işewür türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa düýpli we netijeli söhbetdeşlik hem-de kompaniýa bildirilýän ynam üçin hoşallyk bildirip, John Deere kompaniýasynyň öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Waşingtonda Türkmen-amerikan işewürlik forumy geçirildi
Türkmenistanyň 4 welaýatynda gowaça ekişine girişildi
Türkmen wekiliýeti “TürkmenistanABŞ” işewürlik geňeşiniň wekilleri bilen duşuşdy
Lebap welaýatynda daşary ýurt tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlary öndürilýär
ABŞ ilçisi Aşgabadyň nebitgaz eksportlaryndaky diwersifikasiýa tagallalaryna oňyn baha berdi
“Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň söwda palatasyna özgerdilmegine umyt bildirilýär
Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda $3,3 milliardlyk 180 taslamany amala aşyrýarlar