Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýüze çykýan dawalary parahatçylykly usullar bilen çözüp bolar

Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýüze çykýan dawalary parahatçylykly usullar bilen çözüp bolar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda çykyş edip, ýüze çykýan dawalar nähili kyn hem-de dowamly bolsa-da, olary parahatçylykly usullar bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Bitarap, toparlanyşyklara gatnaşmazlyk hukuk ýagdaýy harby güýji ulanmazlygy we dawalara gatnaşmazlygy göz öňünde tutýar. Şu garaýyşlara näçe köp döwlet eýerse, şeýle çemeleşmäniň tarapdarlary näçe köp bolsa, güýç ulanmak bilen gapma-garşylyklaryň döremek ähtimallygy şonça-da az bolýar” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bitaraplyk sagdyn we jogapkärli güýçler, döwletler ýa-da ýurtlaryň topary üçin garaýyşlaryň binýady bolup biljekdigini we bu garaýyşlaryň gapma-garşylykly ýagdaýlary aradan aýyrýandygyny aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň umumy mejlisinde Türkmenistanyň bu Guramanyň howandarlygynda ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek hakynda teklip bilen çykyş edendigini belledi.

Şeýle hem üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde sebit guramalarynyň we döwletara birleşikleriniň üsti bilen, özi-de diňe bir syýasy häsiýetli däl-de, eýsem ykdysady, ynsanperwer ugurlar boýunça hem işleri güýçlendirmegi zerur we maksadalaýyk hasaplaýandygy nygtaldy.

“Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün etmek we dünýä gurluşynyň soraglarynda onuň sebit wekilhanalarynyň hem-de guramalarynyň ornuny we wezipesini ýokarlandyrmaly diýip pikir edýärin. Bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak bu wezipeleri ýerine ýetirmegiň esasy guralydyr” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni 3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýä amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Suratlar: Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugy

Ýene degişli makalalar

Telefon arkaly söhbetdeşlik
Türk Lideri Magtymguly Pyragynyň ýubileý çärelerine çagyryldy
Gurbanguly Berdimuhamedow türk Liderini sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy
4-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Gurbanguly Berdimuhamedow: Häzirki çylşyrymly döwürde Türkmenistanyň garaýşy berk we aýdyňdyr
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna doly hukukly agza bolmagyna garaşylýar