Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Gurtly ýaşaýyş toplumynda binalary we desgalary gurmak üçin bäsleşik yglan edýär. Bu baradaky bildiriş Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda çap edildi. Bildirişde beýan edilişi ýaly, bäsleşik şu aşakdaky binalary we desgalary gurmak üçin yglan edilýär.
Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda:
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmagynda:
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 25-nji apreline çenli kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.