Guşlar magnit meýdanyny nädip tapýarlar?

Tebigatdaky jandarlaryň köpüsi dürli sebäplere görä ömrüniň dowamynda uzak aralyga gitmeli bolup, her pasylda başga ýerde ýaşaýarlar.Guşlar, deňiz jandarlary, gury ýerde ýaşaýan süýdemdirijiler, hatda mör-möjekler hem ýüzlerçe kilometr uzaga gidýärler.

Jandarlaryň arasynda guşlar has uzak aralyga gidýärler.Uly ganatly ýyrtyjy guşlaryň käbiri Ýeriň bir ujundan beýleki ujuna, ýagny Antarktikadan Demirgazyk polýusa çenli uçýarlar.Eýsem, birnäçe günläp düşlemän uçýan guşlar azaşmaýarmyka?!

Geçirilen barlaglarda guşlaryň Ýeriň magnit meýdanyndan ugur alyp ýoluny tapýandygy mälim edildi.Soňky geçirilen barlaglarda bolsa, guşlaryň çüňklerindäki käbir öýjükleri kompas hökmünde ulanýandygy ýüze çykaryldy.Bu öýjükleriň guşlar uzak aralyga uçan wagty dürli geografik ýerlerden geçýän çylşyrymly ýollarynda kömek edýändigi anyklandy.

Bu ugurda geçirilen barlaglaryň ýene birinde guşlaryň gözlerindäki proteinleriň hem ýoluny tapmaga ýardam edýändigi ýüze çykaryldy.Zebra amadinasy hem-de gyzylgerden (Ýewropa robini) atly guşlaryň retinalarynda şöhläni duýýan Cry4 atly proteiniň bardygy anyklandy.

Bu protein bedeniň biologiýa sagadyny sazlamaga kömek edýär.Biologiýa sagady diýlip, bedeniň ukuda ýa-da oýa bolmaly wagtyny, temperaturasyny, gan basyşyny Günüň dogup batýan wagtyna görä sazlamagyna diýilýär.

Cry4 proteinleri daşky magnit meýdanyny ýokary takyklykda duýýarlar.Tebigaty öwrenijiler Cry4 proteini bolan beýleki guşlary hem çuňňur öwrenmegi maksat edinýärler.

The post Guşlar magnit meýdanyny nädip tapýarlar? appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

45 sany ýaş oýlap tapyjy Türkmenistanda geçirilen Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
“The Financial Times” ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda uçurym boljak ýaşlarynyň arasynda internet olimpiadasy geçirildi
Ekologiýa howpsuzlygy derwaýys mesele
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Antarktika we Antarktida