Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine baýramçylyk gutlagyny iberdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine baýramçylyk gutlagyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowa Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli gutlag iberdi. "Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlagynda Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle belleýär:

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda rysgal-berekede, toý-baýrama beslenip gelen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan tutumly işleriňizde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň tagallalaryňyz bilen Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatynyň, taryhy-medeni gymmatlyklarynyň rowaçlanmasynyň baýramy hökmünde giňden bellenilýär.

Türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna giňden ornaşan Nowruz parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr.Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirmäge goşant goşýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý many-mazmuna beslenýän Nowruz baýramynyň şatlyk-şowhuny her bir maşgala ojagyna sahawatlylyk, döwletlilik, agzybirlik getirýär.Ol halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyryp, ýüreklerde ata Watanymyza, bagtyýar şu günümize, nurana geljegimize buýsanç duýgularyny oýarýar.

Munuň özi diňe bir ykdysady ösüşi däl, eýsem, durmuş, jemgyýetçilik-syýasy ösüşi, medeni-ruhy taýdan baýlygy alamatlandyrýar.Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasynda” hem-de ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda geçirilýän baýramçylyk dabaralary mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň, eziz Watanymyzyň gülläp ösüşleriniň özboluşly beýanyna öwrülýär.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynda, halk döredijiliginde, medeni mirasynda Nowruza giň orun berilmegi onuň taryhy kökleriniň asyrlaryň jümmüşine uzaýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.Halkymyzda Nowruz baýramy bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň ençemesi bar.

Merdana pederlerimiz Nowruzda berjaý edilýän däpleriň we ynançlaryň üsti bilen nesilleri Watana wepalylyk, tebigata, durmuşa söýgi, ynsanperwerlik ruhunda terbiýeläpdirler, ýaşlaryň kalbynda ýagşy gylyk-häsiýetleri, halal zähmet çekmek endiklerini kemala getiripdirler.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň tagallalaryňyz bilen Nowruz baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde merdana ekerançylarymyz geljekki bol hasylyň düýbüni tutýarlar, öz zähmeti bilen türkmen topragynyň rysgal-berekedini artdyrýarlar. Şonuň netijesinde, türkmeniň bereketli saçaklary naz-nygmatlardan dolýar.

Nowruz baýramy diňe bir zähmetsöýer ekerançylary ýokary netijeleri gazanmaga ruhlandyrman, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ähli ildeşlerimize Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine has-da belent sepgitlere ýetmäge täze ylham berýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda her ýylyň 21-nji martynyň Halkara Nowruz güni diýlip yglan edilmegi, Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu gadymy baýramyň halkara derejedäki ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu baýram mynasybetli geçirilýän çäreler Nowruz baýramyny belleýän halklary, ýurtlary birek-birege ýakynlaşdyrmak bilen, medeni-ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlanmagyna ýardam edýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Sizi bahar gözelliklerinden gaýnap-joşýan eziz Diýarymyzda giň gerim bilen bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin! Goý, Nowruz nagmalary göwünlere ganat berip, ykballara baky bagtyň ýakymly owazy bolup dolsun!

Ýene degişli makalalar

Berkarar döwletiň ylham joşguny atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Daşary ýurtly ýolbaşçylardan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatlary gelýär
Aprel aýynda Türkmenistanda nähili medeni çäreler geçiriler?
Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Duşenbede Dostluk agşamy atly bilelikdäki konserte tomaşa etdiler
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri
Ýurdumyzda şanly waka mynasybetli dabaralara badalga berildi