ULUS-ILIŇ GUWANJY MILLI BAHAR BAÝRAMY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary, toplamak we milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümleri bilelikde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebinde “Ulus-iliň guwanjy Milli bahar baýramy” ady bilen baýramçylyk dabarasyny geçirdiler.

Bu baýramçylyk dabarasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Nowruz gününiň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi.Mundan başga-da Milli Bahar baýramy mynasybetli gutlaglar aýdyldy. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

DAŞOGUZ WELAÝATYNDA DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI
AHLAK TERBIÝESI YNSAN GÖZELLI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
BEDEW BATLY, AT-MYRATLY, DIÝARYM!
GARAŞSYZLYK BAKY BAGTYŇ AK ÝOLY
NUSGAWY EDEBIÝAT WE AÝDYM-SAZ SUNGATY
MEŞHUR TÜRKMEN SAZANDASY ŞÜKÜR BAGŞYNYŇ 195 ÝYLLYGY