Halkara zenanlar güni mynasybetli Suratkeşler birleşiginiň sergi merkezinde sergi-bäsleşik açyldy

Halkara zenanlar güni mynasybetli Suratkeşler birleşiginiň sergi merkezinde sergi-bäsleşik açyldy

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi merkezinde däp bolan sergi-bäsleşik dabaraly ýagdaýda açyldy.

Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda berilýän habara görä, her ýyl 8-nji mart baýramynyň öňüsyrasynda zenan suratkeşler türkmen halkynyň däp-dessurlaryny we medeniýetini, gyzlaryň, zenanlaryň, eneleriň gözelligini wasp edip, iň gowy şekillendiriş sungat eserlerini halk köpçüligine hödürleýärler.

Habarda bellenilişi ýaly, sergi merkeziniň iki gatyny tutup duran Gözellik döredýän zenanlar sergisinde dürli görnüşlerde we usullarda ýerine ýetirilen köpsanly işler bar.

Hünärmenler hem-de sungat we senetçilik höwesjeňleri tarapyndan döredilen dizaýn çözgütleri ýaryş eminleri we serginiň myhmanlary tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.

Suratlaryň köpüsi milli edebiýatyň ösmeginde wajyp orun tutan görnükli şahyr Magtymguly Pyragynyň mirasyna we şahsyýetine bagyşlanýar.

Suratkeşleriň we çeper döredijilik gurnaklarynyň okuwçylarynyň iň gowy eserleri Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Mundan başga-da, sergi-bäsleşige gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň wekilleri, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary Medeniýet ministrliginiň we ýurduň Suratkeşler birleşiginiň Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Türkmenistanyň zenan suratkeşleriniň döredijilik işleriniň sergisi on gün dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Hünärim bar — hormatym bar diýen at bilen guralan bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirilýär
Balkanyň häkimiýetleri gözellik hünärmenlerine gözegçiligini we gysyşyny ýene artdyrdy
Zenan mährinden dörän nepislikler
Gymmaty egsilmejek kitap
BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR ZENANLARY
ÝURDUMYZYŇ IŇ GOWY ETRABYNA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BAÝRAGY GOWŞURYLDY