Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ÝOM-leriniň uçurymlarynyň gutardyş dabarasy boldy

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ÝOM-leriniň uçurymlarynyň gutardyş dabarasy boldy

Şu gün Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň gutardyş dabarasy boldy. Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu waka mynasybetli guralan dabaraly çäreler ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň hem-de içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkellerine gül desselerini goýmak bilen başlandy. Şeýle hem Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna gül desseleri goýuldy.

Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Harby akademiýanyň diňleýjileriniň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň we Içeri işler ministrliginiň institutynyň, şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň uçurymlarynyň hormatyna dabaralar guraldy.

Dabaralaryň başynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna şanly waka mynasybetli iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Soňra uçurymlara ýokary hünär bilimi baradaky diplomlar, döşe dakylýan nyşanlar we serkerdelik şahsyýetnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýaş serkerdeler Döwlet baýdagynyň öňünde harby kasama wepaly boljakdyklaryna, Watana, halka we Türkmenistanyň Prezidentine ak ýürekden gulluk etjekdiklerine kasam kabul etdiler.

Hormat garawuly batalýonynyň esgerleriniň görkezme çykyşlary we teatrlaryň artistleriniň edebi kompozisiýalarynda türkmen halkynyň taryhyna aýdyň sahypa bolup giren milli gahrymanlaryň keşpleriniň döredilmegi bu ýerde guralan çykyşlaryň dabarasyny has-da artdyrdy.

Ykbalyny Watan goragçysy diýen asylly ugra baglan ýaşlaryň, dabara gatnaşyjylaryň dabaraly harby ýörişi ýatda galyjy wakalara beslendi.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri barada edýän hemişelik aladasy üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

Ýaş serkerdeler Türkmenistanyň çäginde durnuklylygy üpjün etmek, onuň konstitusion gurluşyny goramak, Döwlet serhediniň eldegrilmesizligini berkitmek, ýurduň gülläp ösmeginiň we halkyň abadançylygynyň bähbidine kanunylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmak ugrunda ähli güýç-gaýratlaryny, bilimlerini hem-de tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Şu gün Balkan welaýatynda, Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky Döwlet baýdagy meýdançasynda bolsa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň uçurymlarynyň hormatyna dabaralar guraldy we olara serkerdelik şahsyýetnamalary gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ
Türkmenistan 6 sany Boeing ýolagçy howa gämisini satyn alar, Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň ýedi ýyllyk Strategiýasyny tassyklady, Awaza halkara festiwala gatnaşyjylary kabul edýär we beýleki habarlar
25-nji maýda Türkmenistanda köp sanly baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär
Giriş synaglaryna badalga berildi
Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek işleri dowam edýär
Arkadag şäheriniň okuw mekdepleri ilkinji gezek talyp kabul edýär