Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek işleri dowam edýär

14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekdi.Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 17-nji iýul—28-nji awgust aralygynda guramak tabşyryldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli döwlet toparynyň düzümini tassyklady.

Bu topara kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.Mundan başga-da, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.

Bilim edaralarynyň sanynyň ýylsaýyn artmagy ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa, öz gezeginde, ýokary hünär derejeli ýaş işgärleriň barha köp sanlysyny taýýarlamagy talap edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Arkadag şäherinde döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna şu ýyl ilkinji gezek talyplar kabul edilýär.

Şeýle hem halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň ýokary hünärli işgärlere bolan zerurlygyny nazara almak bilen, täze hünär bilim edaralary açylýar. Şolaryň hatarynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi hem-de Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi bar.

Hökümetiň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärleri kabul etmek boýunça degişli ýolbaşçylaryň öňünde duran möhüm wezipä ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň guramaçylykly we adalatly geçirilmelidigini, jemgyýetçilik gözegçiliginiň üpjün edilmelidigini aýratyn nygtady. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine ýaş nesliň zehinli, mynasyp wekilleri kabul edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Kabul edişlik möwsümi ilkinji gününden ýokary işjeňligi bilen tapawutlandy. Munuň özi ýaşlaryň täze bilimlere ymtylýandygyna hem-de Watanymyzyň intellektual, ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna öz goşantlaryny goşmaga çalyşýandyklaryna şaýatlyk edýär.

TÄZE OKUW ÝYLY BILEN BAGLY MAGLUMATLAR:

2023-2024-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdepleriniň 10-syna täze hünärleriň 35-si girizildi. Şolaryň 21-si bakalawr, 8-si hünärmen, 6-sy magistr maksatnamalaryny öz içine alýar.

Şu okuw ýylynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde taýýarlyk ugurlarynyň 2-si açylyp, talyplar durmuş işi ugry boýunça bakalawr, pedagogika bilimi ugry boýunça bolsa magistr maksatnamasy esasynda okuwa kabul ediler.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty hem taýýarlygyň durmuş işi ugry boýunça bakalawr, psihologiýa-pedagogika bilimi ugry boýunça magistr maksatnamasyna laýyklykda talyplara bilim berip başlar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem maglumat howpsuzlygy ugry boýunça bakalawr, binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek, ýol gurluşygy işlerinde raýat goranyşy, himiýa senagatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy hünärleri boýunça hünärmen maksatnamasy esasynda talyplara bilim berlip başlanar.

Tutuşlygyna bilim bermegiň iki basgançakly ulgamyna geçen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň okuw maksatnamasyna şu ýyl täze taýýarlyk ugurlarynyň birbada 6-sy girizildi.Geljekki ykdysatçylary taýýarlaýan bu ýokary okuw mekdebi taýýarlygyň buhgalterçilik hasaba alnyşy, analiz we audit, maliýe, önümçiligiň ykdysadyýeti we guralyşy, işewürlik-informatika ugurlary boýunça bakalawr, maliýe menejmenti, işewürlik-dolandyryş ýaly ugurlardan bolsa magistr maksatnamalary esasynda talyplary taýýarlap başlar.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda täze hünärleriň birbada 8-si açyldy. Indi dalaşgärler demir ýollaryň elektrik üpjünçiligi, lokomotiwler, wagonlar hünärleri boýunça hünärmen, gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy, ýerüsti ulag-tehnologiki serişdeler, sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk, howa hereketiniň dolandyrylyşy, howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak ugurlary esasynda bolsa bakalawr maksatnamasyna laýyklykda öz resminamalaryny tabşyryp bilerler.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti taýýarlygyň maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda), Türkmen oba hojalyk instituty bolsa oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy ugry boýunça bakalawr maksatnamasy esasynda talyplyga kabul eder.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistr maksatnamasy esasynda halkara ykdysadyýeti ugry girizildi.

Türkmen döwlet maliýe institutynda telekeçilik we maliýe ugrunyň açylandygyny bellemek bolar.

Şu okuw ýylynda açylan 35 hünäriň aglabasynyň milli ykdysadyýetimiziň ulag-aragatnaşyk, obasenagat, telekeçilik, gurluşyk, maliýe-ykdysadyýet hem-de maglumat tehnologiýalary ýaly geljegi uly ugurlary bilen bagly bolmagy agzalan toplumlarda işleri kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň alnyp barylýandygyny görkezýär.

Metbugat maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzyň bilim ojaklary täze okuw ýylynyň bosagasynda
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ
Bilim ösüşleriň şamçyragy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki täze okuw jaýlarynyň açylyşyna gatnaşdy
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy