Hazar sammitine taýýarlygyň çäginde Lawrow Aşgabada sapar eder

Hazar sammitine taýýarlygyň çäginde Lawrow Aşgabada sapar eder

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow 28-nji iýunda Aşgabatda geçiriljek Hazarýaka ýurtlarynyň DIM-leriniň duşuşygyna gatnaşar. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowanyň çarşenbe güni geçirilen metbugat ýygnakda aýdanlaryna salgylanyp, TASS agentligi habar berdi.

DIM-leriň duşuşygynda 29-njy iýunda türkmen paýtagtynda geçiriljek Hazarýaka ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň 6-njy sammitine taýýarlyk maslahatlaşylar diýip, Zaharowa metbugat ýygnakda belledi.

Metbugat wekiliň belleýşi ýaly, bäş ýurdyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabatda Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyga we Hazarýaka ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynyň gün tertibine serederler.

Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 5-nji sammitini 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirildi. Sammitiň netijeleri boýunça Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýa gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Russiýa gaz eksportyny bes etdi. Bu Özbegistanyň ýangyç ýetmezçiligi kynçylyklaryny çözmäge kömek edermi?
Russiýanyň, Eýranyň daşary işler ministrleri Türkmenistana bardy, eýran-ysraýyl dartgynlylygy dowam edýär
BMG-niň Baş sekretary BRIKS guramasyna gatnaşmak meýli barada habar berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Lawrow Antalýa Diplomatiýa Forumyna Gatnaşar
Russiýanyň daşary işler ministri Hytaýda saparda bolýar
Russiýa: "ABŞ jogapkärçilige çekilmeli" dıvdı