Hemilton Portugaliýanyň "Gran-prisinde" ýeňiji boldy

Hemilton Portugaliýanyň "Gran-prisinde" ýeňiji boldy

Portugaliýadaky Algarwe halkara awtoulag aýlawynda "Formula-1" boýunça Gran-priniň üçünji tapgyry jemlenildi. Onda "Mersedesiň" sürüjisi Lýuis Hemilton ýeňiji boldy. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

Ýaryşda ikinji orny "Red Bullyň" sürüjisi Maks Werstappen görkezdi. Iň gowy aýlaw görkezijisi bilen, "Mersedesiň" ýene bir sürüjisi Waltteri Bottas hem liderleriň ilkinji üçlüginde ýerleşdi.

Ondan başga-da, "Haas" toparynda çykyş edýän Mik Şumaher 17-nji ýeri, onuň topardaşy Nikita Mazepin bolsa 19-njy ýeri eýeledi. Pellehana 16-njy bolup, "Uilýamsda" Nikolas Latifi hem-de onuň topardaşy Jorj Rassel gelmegi başardy. "Alfa Romeonyň" sürüjisi Kimi Raýkkonen bolsa ulagyna zeper ýetip, oýundan çykdy.

"Gran-Priniň" indiki tapgyry 7-nji maýdan 9-njy maý aralygynda Barselona şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Meksika Gran-prisi: Ferstappenden rekordly ýeňiş
Mersedes möwsümde ilkinji gezek dubl etdi
Ferstappen Awstraliýa Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy
ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynyň işgärleri kärdeşlerine litografiýa neşirleri üçin tehniki serişdeleriň ulanylyşyny öwredýärler
1937-nji ýylda çekilen suratda iPhone tapdylar
Gadymy altyn ýüzük tapan erkek kişi millioner boldy