Hepdäniň iň esasy futbol duşuşyklary

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda

nobatdaky tapgyrda futbol janköýerlerine biri-birinden gyzykly bolar diýlip

çaklanylýan duşuşyklar garaşýar. Şu günki oýunlaryň iň esasy “Bundesligada” iki atdaş toparyň “Borussiýa Dortmund” bilen “Borussiýa Mönhengladbahyň” arasyndaky duşuşyk bolup, bu

oýun Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlar. Duşuşyk “Türkmenistan sport” teleýaýlymy arkaly-da ýaýlyma berler.

Şu günki ýene bir esasy duşuşyk Demirgazyk London derbisi bolup, “Arsenal” ezeli bäsdeşi “West Hamy” kabul eder.

Ertirki oýunlaryň arasynda-da iň köp

garaşylýan duşuşyk “Çelsi” bilen

“Liwerpulyň” arasyndaky oýun bolar. Bu

duşuşyk Aşgabat wagty bilen 20:30-da başlanar. Ispaniýada-da çempion “Real Madrid” ilkinji duşuşygyny geçirer.

Türkmenistan sport teleýaýlymynda görkeziljek bu oýunda “Real Madrid” myhmançylykda “Real Sosiedad” bilen özara güýç synanyşar.

19-njy sentýabr:

“M. Ýunaýted”“K. Palas” (21:30)

“Borussiýa D”“Borussiýa M (21:30)

“Arsenal”“West Ham” (00:00)

“Porto”“Braga” (01:00)

20-nji sentýabr:

“Nissa”PSŽ (16:00)

“Rubin”“Spartak” (18:30)

“Çelsi”“Liwerpul” (20:30)

“Istanbul BŞ”“Galatasaraý” (21:00)

“Ýuwentus”“Sampdoriýa” (23:45)

“Real Sosiedad”“Real Madrid” (00:00)

“Marsel”“Lill” (00:00)

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar ligasynyň toparçalarynyň bijeleri çekildi
SPORT GYSGA SETIRLERDE
UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar
Diňe 2 klub gol geçirtmedi
UEFA Ýewropa ligasy
UEFA Ýewropa ligasy