UEFA Çempionlar ligasynyň toparçalarynyň bijeleri çekildi

Futbol muşdaklarynyň iň söýgüli ýaryşy hasaplanýan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň toparçalarynyň bijeleri çekildi. Çekilen bijä laýyklykda, janköýerlere hemişe bolşy ýaly, ýene-de biri-birinden gyzykly duşuşyklar garaşýar.Aýratynam “Ýuwentus” bilen “Barselonanyň” arasyndaky duşuşyga eýýämden janköýerler sabyrsyzlyk bilen garaşyp başlady.

Başgaça aýdylanda, bu duşuşyk iki super ýyldyzyň Kristiano Ronaldo bilen Lionel Messininiň 2 ýyldan soň ýene-de garşy-garşa geljek diýmekdir.

Şeýle-de kubogyň soňky eýesi “Bawariýa” “A” toparçada “Atletiko Madrid”, “Salsburg” hem-de “Lokomotiw Moskwa” toparlary bilen bije çekişdi. Kubogy iň köp eýelän “Real Madridiň” bijesi “B” toparça düşüp, ol “Şahtýor Donesk”, “Inter”, “Borussiýa M” klublary bilen güýç synanyşar.

Toparçalardaky duşuşyklara 20-nji oktýabrda badalga berler.

Dabaranyň dowamynda UEFA-da ýylyň tapawutlanan futbolçylary-da saýlanyp, ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip, Bawariýanyň polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski yglan edildi.

“A” TOPARÇA: Bawariýa (Germaniýa), Atletiko Madrid (Ispaniýa), Salsburg (Awstriýa), Lokomotiw (Russiýa)“B” TOPARÇA: Real Madrid (Ispaniýa), Şahtýor Donesk (Ukraina), Inter (Italiýa), Borussiýa Mönhengladbah (Germaniýa)“C” TOPARÇA: Porto (Portugaliýa), Mançester Siti (Angliýa), Olimpiakos (Gresiýa), Marsel (Fransiýa)“D” TOPARÇA: Liwerpul (Angliýa), Aýaks (Niderlandlar), Atalanta (Italiýa), Midtýullann (Daniýa)“E” TOPARÇA: Sewilýa (Ispaniýa), Çelsi (Angliýa), Krasnodar (Russiýa), Renn (Fransiýa)“F” TOPARÇA: Zenit (Russiýa), Borussiýa Dortmund (Germaniýa), Lasio (Italiýa), Klub Brýugge (Belgiýa)“G” TOPARÇA: Ýuwentus (Italiýa), Barselona (Ispaniýa), Dinamo Kiýew (Ukraina), Ferençwaroş (Wengriýa)“H” TOPARÇA: Pari-Sen Žermen (Fransiýa), Mançester Ýunaýted (Angliýa), Leipsig (Germaniýa), Istanbul Başakşehir (Türkiýe)

Ýene degişli makalalar

“Çekilen Ýerlerimizi Yzyna Alarys”
Hepdäniň iň esasy futbol duşuşyklary
SPORT GYSGA SETIRLERDE
“Astana”, “Ludogores” toparlary ýaryşdan çykdy
PSW-niň kynlyk bilen, “Seltigiň” ynamly gazanan ýeňşi
“Krasnodaryň” garaşylmadyk ýeňşi