Hepdede 350 müň funt sterling hak alar

Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň ýyldyzy Mohamed Salah kluby bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy. 3 ýyllyk şertnama baglaşan müsürli hüjümçi hepdelik 350 müň funt sterling hak alar.Bu bolsa ‘Liwerpul” toparynyň taryhyndaky iň ýokary aýlykly futbolçy diýmekdir. 30 ýaşyndaky oýunçyny şertnamasyny uzaltmagy bilen baglanyşykly toparyň tälimçisi Ýurgen Klopp: “Salah dünýädäki iň ökde oýunçylaryň biri.

Onuň has ýagty günleri öňde.Ol 5 ýylda rowaýatlaryň hataryna goşuldy” diýip, oýunçysynyň öwgüsine ýetirýär.Salah geçen möwsümde APL-de 23 gol geçirip, koreýaly Hyn Min Son bilen bilelikde çempionatyň iň netijeli hüjümçisi bolupdy.

Ýene degişli makalalar

5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Sport syny: APL-da şenbe şüweleňi
Klopp alty sany tälimçini işden kowdurdy
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
“Liwerpul” içini sowatdy
Ýylyň futbolçysy we tälimçisi kim bolar?