Hindistanda köpriniň çökmegi netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Ýurduň günbataryndaky Gujarat ştatynyň Morbi şäherçesinde, üstünde azyndan 500 adam bolan asma köpri çökdi.

Wakada köpriniň üstündäki ýüzlerçe adam Maççu derýasyna gaçdy, şolaryň 141-i ýogaldy.

NDTV-de berilen habara görä, derýa gaçan adamlaryň 177-si häzirki wagta çenli halas edildi.

Gözleg we halas ediş işlerine ýurduň Harby-deňiz we Harby-howa güýçleri hem gatnaşýar.

Hökümediň resmileri köprüniň 125 adamy götermek kuwwadynyň bolandygyny we köpriniň köp sanda adamyň şol wagtyň özünde köpriniň üstünde durmagy netijesinde çökendigini habar berdiler.

Kolonial döwürden galan 230 metr uzynlygyndaky köpriniň, 6 aýlyk abatlaýyş tapgyryndan soň geçen hepde açylandygy aýan edildi.

Oppozision partiýalar wakanyň başdan geçirilen köpride gerek bolan tehniki gözegçilikleriň üpjün edilmendigini we köpriniň ýök göwrümi bilen baglanşykly ýeterlik derejede maglumatyň berilmändigi sebäpli hökümedi tankyt edýärler.

Ýurduň Premýer ministri Narendra Modi, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, waka çuňňur gynanç bildirýändigini belläp: "Gözleg we halas ediş toparlar ejir çeken adamlara kömek berer. Gujaratdaky tragediýa meni aladalandyrdy. Pikirim we dogalarym zyýan çeken adamlar bilen" diýip beýan etdi.

Modi mundan başgada wakada ýogalan adamlaryň ýakynlaryna takmynan 2 müň 430 dollar, ýaralanan adamlara bolsa takmynan 600 dollar beriljekdigini aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda russiýaly sirk artistleriniň gezelenç çykyşlary başlandy, Leýli Ökdirowa Astrahanda geçiriljek Hazar möwsümleri festiwalynda çykyş eder we beýleki habarlar
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Bangladeşde bolan gämi heläkçiliginde 7 adam ýogaldy
DOKMAÇYLARY DÜNÝÄ ÇYKARAN ÝOLLAR
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze ýolbaşçysy saýlanyldy, Duşenbe şäherinde geçirilen halkara festiwalda Lebap welaýatyndan çagalar hory birinji orny eýeledwe beýleki habarlar
Kolumbiýanyň Prezidenti heläkçilige uçran uçardan çagalary halas etmek boýunça çärä gatnaşanlary sylaglady