Hindistandan Gazagystana barýan ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçer

Hindistandan Gazagystana barýan ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçer

Hindistandan Gazagystana barýan konteýner otlusy Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginden geçer. Bu barada Gazagystanyň Железнодорожник Казахстана neşiri habar berýär.

Künji tohumy ýüklenen konteýnerler Hindistanyň Mundra portundan Arap deňziniň üsti bilen Eýranyň Bandar Abbas portuna deňiz arkaly iberildi.

Mundan başga-da, iberilen ýük demir ýol arkaly Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň üsti bilen Almaty (Gazagystan) şäherine barar.

Jemi syýahat wagty 20 günden gowrak bolar.

Ýük daşalmasy Gazagystan — Türkmenistan — Eýran geçelgesinde konteýner hyzmatyny ösdürmegiň çäginde amala aşyrylýar.

Hindistandan Gazagystana ak künji ibermek, Gazagystanyň transport we logistika kompaniýasy KTZ Express-iň Türkiýedäki wekilhanasy tarapyndan guralýar.

Ýene degişli makalalar

“KTZ Express” Türkmenistanyň üsti bilen Hindistandan Gazagystana künji tohumyny daşaýar
Türkmen, gazak we rus kompaniýalary bilelikdäki demir ýol hyzmatyny işjeňleşdirerler
RŽD Logistika, KTZ Express we TULM halkara üstaşyr ýük daşamalary boýunça Ähtnama gol çekdiler
Dubaýyň howa menzili BAE-den Türkmenistana uçuşlaryň täzelenen tertibini köpçülige ýetirdi, Putin Gurbanguly Berdimuhamedowa Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin ordenini gowşurdy, Türkmenistanda geçiriljek ilat ýazuwy barada nämeleri bilmeli
Russiýa, Gazagystan we Türkmenistan bilelikdäki kärhanany döredýärler
Demirgazyk-Günorta geçelgesinde ýük daşamalarynyň 32 million tonna ýetmegine garaşylýar