Russiýa, Gazagystan we Türkmenistan bilelikdäki kärhanany döredýärler

Russiýa, Gazagystan we Türkmenistan bilelikdäki kärhanany döredýärler

Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň milli demirýol kompaniýalary ýük daşalyşyny kämilleşdirmek maksady bilen bilelikdäki kärhana döretmek barada ylalaşdylar. Bu barada Gazagystanyň demirýol kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

РЖД Логистика, KTZ Express we Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bilelikdäki kärhanany döretmek barada Ähtnama gol çekildi.

Bellenilişi ýaly, taraplar öz ygtyýarlyklaryny birleşdirip, Gazagystandan, Russiýadan, Türkmenistandan Eýrana, Hindistana, Ýakyn Gündogar ýurtlaryna we Aziýa-Ýuwaş umman sebitine harytlary bökdençsiz daşamak barada ylalaşdylar.

Şeýle kärhananyň maksady Demirgazyk Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar ýolunda ýeke-täk logistika operatoryny döretmekden ybarat.

Ýene degişli makalalar

TULM Gazagystanyň üsti bilen Hytaýdan Eýrana konteýner gatnawyny ýola goýdy
Dubaýyň howa menzili BAE-den Türkmenistana uçuşlaryň täzelenen tertibini köpçülige ýetirdi, Putin Gurbanguly Berdimuhamedowa Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin ordenini gowşurdy, Türkmenistanda geçiriljek ilat ýazuwy barada nämeleri bilmeli
RŽD Logistika, KTZ Express we TULM halkara üstaşyr ýük daşamalary boýunça Ähtnama gol çekdiler
Türkmen, gazak we rus kompaniýalary bilelikdäki demir ýol hyzmatyny işjeňleşdirerler
Aşgabatda Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini ösdürmek boýunça duşuşyk geçirildi
“KTZ Express” Türkmenistanyň üsti bilen Hindistandan Gazagystana künji tohumyny daşaýar
Hindistandan Gazagystana barýan ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçer