Hormatly Rim Papasy Benedikt XVI saglygy ýaramazlaşdy

Hormatly Rim Papasy Benedikt XVI saglygy ýaramazlaşdy

Rim Papasy Fransisk dindarlary özünden öňki Papa Benedikt XVI saglygy üçin ybadat etmäge çagyrdy, 95 ýaşly öňki pontifigiň taby birnäçe sagadyň içinde ýaramazlaşdy diýip, The Daily Mail neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Men hemmeleri hormatly Papa Benedikt üçin aýratyn doga etmäge çagyrýaryn. Onuň haly teň, Ýaradandan oňa saglyk diläp doga edeliň diýip, Fransisk aýtdy.

Ol bu barada her hepdede geçirilýän ybadat wagtynda dindarlara ýüzlenip aýtdy. Hormatly Papanyň saglygy hakynda Watikan başga maglumat bermeýär.

Ýeri gelende aýtsak, Benedikt XVI 2005-nji ýylyň aprelinden 2013-nji ýylyň fewralyna çenli Rim kilisesiniň başlygy boldy, ol 600 ýylda iş başyndan giden ilkinji pontifikdir. Benedikt XVI ygtyýarlylyklaryndan ýüz öwürmeginiň esasy sebäbi hökmünde özüniň gojalyk salyna ýetendigini görkezdi.

Ýene degişli makalalar

Rim Papasy işden gitmek barada pikir etmeýändigini habar berdi
Rim Papasy Benedikt XVI aradan çykdy
Pim Papasy Benedikt XVI aradan çykdy
Germaniýada Rim Papasyndan Miras Galan Haç Ogurlandy
Watikana Benedikt XVI bilen hoşlaşmak üçin müňlerçe katolik ýygnandy
Hakan Fidan 60-njy Mýunhen howpsuzlyk maslahatynyň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirýär