Hüjümçi Myrat Ýagşyýew Altyn asyra gaýdyp geldi

Hüjümçi Myrat Ýagşyýew Altyn asyra gaýdyp geldi

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň hüjümçisi Murat Ýakşiýew Türkmenbaşynyň “Şagadamyndan” paýtagtymyzyň “Altyn asyr” toparyna geçdi. Bu barada Türkmenstanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

29 ýaşly M.Ýakşiýew Türkmenabat şäheriniň “Olimp” futbol mekdebiniň uçurymydyr. Ol ýurdumyzyň futbol çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny 2012-nji ýylda “Lebap” toparynyň düzüminde geçirdi.

Ýeri gelende bellesek, bu hüjümçi 2016 ― 2019-njy ýyllaryň aralygynda hem “Altyn Asyryň” düzüminde çykyş edipdi. Şol ýyllar ol paýtagtymyzyň toparynyň düzüminde dört gezek çempionlyk derejesini gazanmagy başardy.

2020-nji ýylda “Ahal” toparyna geçen Ýakşiýew şol ýyl futbol birinjiligimizde 11 top geçirip, iň köp top geçiren oýunçylaryň sanawynda bäşinji orny eýeläpdi.

Tomusky tranefer möwsüminde “Altyn Asyr” toparynyň düzümine ýaş oýunçylaryň hem birnäçesiniň goşulandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: 10-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
Çempion 3-nji ýere geçdi
“Altyn asyr” 1-nji orna ymtylýar
“Ahal” bilen “Altyn asyr” ýarym finalyň bosagasynda
Çempionlyk ugrunda ýiti göreş
Türkmenistan Singapur