Hytaý BSGG-ni koronawirusyň çeşmesini başga ýurtlardan gözlemäge çagyrdy

Hytaý BSGG-ni koronawirusyň çeşmesini başga ýurtlardan gözlemäge çagyrdy

HHR-iň epidemiologlary Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyny (BSGG) koronawirusyň gelip çykyşyny beýleki ýurtlardan hem gözlemäge çagyrdy. Respublikanyň hünärmenleriniň pikiriçe, Uhan diňe derňewiň başlanan ýerine degişlidir. Bu barada olar BSGG-niň koronawirusyň dörän ýeri diýlip çak edilýän şäherde geçirýän derňew işleriniň çäginde aýtdylar diýip, rueconomics.ru habar berýär.

Häzir koronawirus 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Italiýada döräpdir diýip çaklamaga esas bar.Hytaý hünärmenleriniň aýtmagyna görä, birnäçe ýurtda kesel hadysasy Uhan bilen deňeşdirilende has ir ýüze çykaryldy. Şeýle-de, geçen ýylyň noýabr aýynda neşir edilen ABŞ-nyň hasabatynda ýurduň käbir ýaşaýjylarynyň 2019-njy ýylyň dekabr aýynda koronawirus bilen keselländigi aýdylýar.

Koronawirus ýokanjy BSGG tarapyndan 2020-nji ýylyň mart aýynda kesel dünýäniň köp ýurtlarynda ýüze çykarylandan soň pandemiýa diýlip yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen eminleri halkara seminarda kabaddi boýunça taýýarlyk geçdiler
"Uhanda 2019-njy ýyldaky epidemiýa çak edileninden has uly"
BSGG SARS-CoV-2-niň tebigy çeşmesiniň gözlegine girişer
Dünýäde Kowid-19 epidemiýasyna ýoluganlaryň sany 104 million 404 müň adama ýetdi
Eýranda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 58 müň 110 adama ýetdi
Daşary ýurt metbugatyna syn