"Uhanda 2019-njy ýyldaky epidemiýa çak edileninden has uly"

"Uhanda 2019-njy ýyldaky epidemiýa çak edileninden has uly"

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenlerinden Peter Ben Embarek, Uhan şäherinde 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ýüze çykan epidemiýanyň möçberiniň çak edilşinden has ulydygy baradaky subutnamalary ýygnandyklaryny habar berdi.

Täze görnüş koronawirus Kowid-19 epidemiýasynyň ýüze çykan ýeridigi pikir edilýän Hytaýyň Uhan şäherine baran Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenlerinden Peter Ben Embarek, CNN telewideniýe kanalyna beren beýanatynda: "Wirusyň möçberi 2019-njy ýylyň dekabr aýynda Uhan şäherinde has ulydy, bu täze bir delil" diýip mälim etdi.

Embarek, 2019-njy ýylyň dekabr aýynda Uhan şäherinde anyklananlardan daşary ýene-de azyndan 1 müň adama ýokan bolup biljekdigini çak edýändiklerini aýan etdi. Embarek, sebitdäki epidemiýanyň çak edileninden has ulydygy barada täze subutnamalar ýygnandyklaryny beýan etdi.

Wekiliýetiň 2019-njy ýylyň 8-nji dekabrynda Uhanda Kowid-19-a ýolugan 2 adam bilen duşuşyk geçirendiklerini aýdan Peter Ben Embarek, Hytaýyň alymlarynyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenlerine 174 waka nusgasyny hödürländiklerini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen eminleri halkara seminarda kabaddi boýunça taýýarlyk geçdiler
BSGG SARS-CoV-2-niň tebigy çeşmesiniň gözlegine girişer
Hytaý BSGG-ni koronawirusyň çeşmesini başga ýurtlardan gözlemäge çagyrdy
Dünýäde Kowid-19 epidemiýasyna ýoluganlaryň sany 104 million 404 müň adama ýetdi
Eýranda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 58 müň 110 adama ýetdi
Daşary ýurt metbugatyna syn