Hytaýly lotereýada 30 million dollar utandygyny maşgalasyndan gizleýär

Hytaýly lotereýada 30 million dollar utandygyny maşgalasyndan gizleýär

Hytaýyň ýaşaýjysy lotereýa oýnunda 30 million amerikan dollaryny utandygyny aýalyndan hem-de oglundan gizlin saklaýar diýip, Asia One neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar. Erkek kişi utan pullarynyň olary ýalta hem-de ulumsy etjekdigi barada biynjalyk bolýar diýlip, habarda aýdylýar.

Li familiýaly bagtly utuşyň eýesi dabaraly ýagdaýda utuşyny alandan soňra onuň bir bölegini haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi. Oňa öz haýyşy boýunça gizlin galdyrmak üçin mutlfilmiň gahrymanlarynyň biriniň eşigini geýindirdiler.

Men öz utuşym hakynda aýalyma hem-de ogluma aýtmadym. Men olar özlerini hondanbärsi alyp bararlar we yhlasly zähmet çekmekden ýüz öwrerler öýdüp aladalanýaryn diýip, Li düşündirýär.

Ol şeýle-de lotereýa petegini satyn alanda, lomaý utuş gazanaryn diýip pikir etmändigini, puluny nämä harçlajakdygyny heniz bilmeýändigini gürrüň berýär.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda ylgaw ýaryşynyň ýeňijilerine medal ýerine sygyr we towuk gowşuryldy
38 ýaşly hytaýly zenan ýadandygy üçin garrylar öýüne göçüp bardy
Paýtagtymyzda FAO-nyň “Bitewi saglyk” maksatnamasyna bagyşlanan okuw-türgenleşigi geçirilýär
“Amazon” “Palm Checkout” ulgamyny işe girizdi
“Troýa” filminiň režissýory aradan çykdy
Marsyň topragynda ösüp biljek ösümlikler anyklandy
Samsung täze Galaxy A04 bilen tanyşdyrdy