Hytaýyň goranmak ministri Aşgabada bardy we Türkmenistanyň içki işlerine daşardan päsgelçilige garşy çykyş etdi

Hytaýyň goranmak ministri Aşgabada bardy we Türkmenistanyň içki işlerine daşardan päsgelçilige garşy çykyş etdi

26-njy aprelde Hytaýyň goranmak ministri Weý Fenhe Aşgabada sapar edip, prezident Serdar Berdimuhamedow we goranmak ministr Begenç Gündogdyýew bilen duşuşdy.

Ol S.Berdimuhamedow bilen dürli pudaklar barada maslahat edip, Hytaýyň Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşydygyny belledi diýlip Hytaýyň goranmak ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Hytaýly ministr öz ýurdynyň okuw jaýlarynda 1400-den gowrak Türkmenistanly studentiň okaýandygyny aýdýar.

Fenhe iki ýurdyň goşunlarynyň harby-tehniki üpjünçiligi we harby düzüminiň taýýarlyklary babatda özara praktiki gatnaşyklaryň pugtalanjakdygyna umyt edip, Hytaýyň Türkmenistanyň bitaraplyk durumyny goldaýandygyny we Türkmenistanyň içki işlerine daşardan päsgelçilige aýgytly garşy çykyş edýändigini tekrarlady.

Mundan soňra Fenhe kärdeşi Begenç Gündogdyýew bilen duşuşdy. Iki tarap halkara we sebitara meseleler şol sanda, Owganystandaky, Ukraýinadaky wakalary maslahatlaşyp, strategiki aragatnaşygy saklamaga, hünärmenleriň taýýarlygyny ösdürmäge we terrorizme garşy göreşde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we harby-tehniki üpjünçilige ylalaşdylar.

Mundan owal Fenhe Gazagystana sapar edip, prezident Kasym–Jomart Tokaýew, goranmak ministr Ruslan Jaksysylykow bilen gepleşikler geçiripdi.

Türkmenistanyň KHS-i, DIM-gi we goranmak ministrligi diňe Fenhiň prezident Berdimuhamedow bilen duşuşygy barada habar berip, Owganystandaky we Ukraýinadaky wakalaryň gürrüň edilendigini, onuň kärdeşi Gündogdyýew bilen gepleşikleri barasynda maglumat bermedi.

Bir aý mundan owal Fenhi we Gündogdyýew onlaýn şekilli duşuşypdylar.Hytaýly ministr Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardyklaryny aýdypdy.

2021-nji ýylyň iýulynda Hytaýyň DIM Wan I “Owganystanda ýagdaýlaryň ösmegi bilen” ýurdyň döwlet howpsuzlygy üçin Türkmenistany “däp bolan we bolmadyk” ýagdaýda goldamagy обещал söz beripdi.The post Hytaýyň goranmak ministri Aşgabada bardy we Türkmenistanyň içki işlerine daşardan päsgelçilige garşy çykyş etdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Analiz: “Täze eýýamda-köne heňňamlar…” (Serdar Berdimuhamedowyň prezidentligine bir aý boldy)
Türkmenistanda 514 sany bendiniň günasi geçildi
S.Berdimuhamedow Howpsuzlyk geňeşinde iki käýinç yglan etdi we baş prokurory belledi
S.Berdimuhamedow Garaşsyzlyk güni bilen bagly 833 tussagyň günäsini geçdi
Gündogdyýew Hytaýyň goranmak ministri bilen duşuşdy
Trendýol Super Liganyň 11-nji hepdesi tamamlandy