IIM-i we MHM-i bikanun temmäki söwdagärlerini goraýarlar’, emma, ony çekýänlere jerime salýarlar

IIM-i we MHM-i bikanun temmäki söwdagärlerini goraýarlar’, emma, ony çekýänlere jerime salýarlar

Balkan welaýatynyň Magtymguly (öňki Garrygala) etrabynyň “Çerkez” obasynyň ýaşaýjylarynyň “Türkmenistanyň Hronikasynyň” jurnalistine gürrüň bermeklerine görä, IIM-i we MHM-i bikanun temmäki söwdagärlerini goraýarlar, emma, ony çekýänlere jerime salýarlar.

Hepdede iki gezek gije sagat 2-3-lerde Mary welaýatynda bikanun öndürilen nas we temmäki ýükli ýeňil awtoulag oba gelýär. Temmäki obadaky birnäçe maşgalalara paýlanýar we olar temmäkini bikanun satýarlar.

Maryda nasyň kilosyny 64-66 manatdan topdan satyn alýarlar. Ony Çerkez obasyndaky söwdagärlere 90 manatdan satýarlar. Olaram nasy 20 gramlyk kiçijik torba salyp, hersini 5 manatdan satýarlar (başgaça aýdylanda, nasyň her kilosy 250 manada düşýär). Şeýlede bir kilo nasy satyn alana onuň kilosyny 200 manatdan satýarlar.

Polisiýa nas we özleri dolap temmäki çekenlere 800-den 1300 manada çenli jerine salýar. Adamlar polisiýa, prokuratura we häkimlige şikaýat edip, bikanun temmäki satýanlary we ony getirýänleri jezalandyrmagy talap edýärler.

“Eýýäm, iki ýyl bäri bu zatlar dowam edýär.Obada hemmeler, şol sanda, ýerli polisiýa kimleriň satýandyklaryny gowy bilýärler. Emma,söwdagärlere degmeýärler.

Temmäkini gije getirýändiklerini bilýarler. Ýöne, olara degmeýärler. Şol kişileriň girdejisi bar we isledigine para bermäge’ ýagdaýlary bar” diýip obanyň bir ýaşaýjysy aýdýar.

“Bu endikden hemmeleriň esasanda, garrylaryň el çekmäge erki ýok.Häkimiýetler gadaganlykdan başga hiç bir çäreleri görmeýärler.Iň gowusy, bu söwda resmi suratda rugsat bersediler,onda salgyt alardylar we ilat bir iş bilen meşgul bolardy. Ýogsam bolmasa, dolanşykdaky ähli girdejiler kölegeli aýlanşyga’ ýagny, parahorlyga gidýär” diýip ýerli telekeçileriň biri aýdýar.The post IIM-i we MHM-i bikanun temmäki söwdagärlerini goraýarlar’, emma, ony çekýänlere jerime salýarlar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Marylylar polisiýanyň çilim nobatyndaky zulmuna, özara raýdaşlyk bilen jogap berdiler
Polisiýa Maryda we Türkmenabatda çilim söwdasyna gözegçilik edýär, aýallar nobatdan çykarylýar
Resmileriň wadalaryna garamazdan, arzan çilim gaýtadan satylmaýar
Hyrydarlaryň arasynda dörän dawa-jenjelden soň, döwlet dükanlary çilim söwdasyny ýene-de bes etdi
Arzan çilim satuwa çykaryldy: Adamlar nobatlarda jan alyp, jan bermäge’ taýýar