Ilkinji saýlawda ýeňiş gazandy

Milli respublikan partiýasy “Sinn Fen” taryhda ilkinji gezek Demirgazyk Irlandiýanyň mejlisine (ýerli parlament) geçirilen saýlawlarda taryhy ýeňiş gazandy. Ses berişligiň netijelerine görä, partiýanyň wekilleri 90 ornuň azyndan 27-sine eýe boldy. Partiýanyň lideri Mişel O’Nil ses berişligiň netijelerini Demirgazyk Irlandiýa üçin aýgytly diýip atlandyrdy.

Demirgazyk Irlandiýanyň Beýik Britaniýanyň bir bölegi hökmünde goralmagyny goldaýan Demokratik Bileleşik partiýasy (DUP) bolsa, 24 orna eýe boldy. Geçen çagyryşda partiýa 27 orun alypdy.

Liberal partiýa “Alýans” 17 orny aldy. Olster bileleşik partiýasy, dokuz orna eýe boldy. Ýene-de ýedi orun Sosial-demokratlara berildi. Häzirki wagtda mejlisdäki 90 ornuň 88-si bölünip berildi.

“Sinn Fen” 1905-nji ýylda esaslandyryldy we Demirgazyk Irlandiýada we Irlandiýa Respublikasynda hereket edýär. Indi bir asyrdan gowrak wagt bäri ilkinji gezek Olsteriň katolik ilatynyň bähbitlerine wekilçilik edýän partiýa welaýatyň ilkinji ministrini belläp biler. Adatça, sebitde öňdebaryjy syýasy güýç hasaplanýan Demokratik Bileleşik Partiýasy garşydaşlarynyň ýeňşini ykrar etdi.

Ýene degişli makalalar

Dalaşgär hökmünde bellige alyndy
Sagçy konserwatorlar ýeňiş gazandy
Ýaponiýada parlamentiň ýokarky palatasyna saýlawlar geçirildi
Sosial-demokratik partiýasy ýeňiş gazandy
Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Prezident saýlawyndaky ynamly ýeňşi bilen gutlady
Mirziýoýew Özbegistanyň Prezidentligine dalaşgär hökmünde tassyklandy