Ýaponiýada parlamentiň ýokarky palatasyna saýlawlar geçirildi

10-njy iýulda Ýaponiýada parlamentiň ýokarky palatasyna geçirilen saýlawlarda Premýer-ministr Fumio Kisidanyň dolandyrýan Liberal-demokratik partiýasy (LDP) we koalisiýa boýunça hyzmatdaşy “Täze Komeito” Ýaponiýanyň ýokary palatasyna (Geňeşler palatasy) geçirilen saýlawlarda orunlaryň köpüsine eýe bolup, ýeňiş gazandy. Bu barada saýlaw komissiýasynyň maglumatlarynda mälim edilýär.

Şeýlelikde, 242 deputat orunly ýokarky palatada LDP 63 orna, “Täze Komeito” partiýasy bolsa, 13 orna eýe boldy.

“Ýaponiýanyň galkynyş birleşigi” 12, “Konstitusiýa-Demokratik partiýasy” 17, “Halk-Demokratik partiýasy 5, “Ýapon Kommunistik partiýasy” 4 orun aldy. Mundan başga-da, “Reýwa Şinsengumi” partiýasy üç orny eýeleýär. “Sosial-demokratik”, NHK we “Sanseýto” partiýalarynyň her birine bir orundan düşdi. Mundan başga-da, alty sany garaşsyz dalaşgär öňe saýlandy.

Ýapon parlamentiniň ýokarky palatasy aşaky palatada garanyňda, hakyky güýje eýe däl. Şeýle-de bolsa, dürli partiýalary ol ýerde köplük gazanyp, kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik edýärler. Saýlanan deputatlaryň arasynda – 35 zenan bolup, parlamentiň ýokarky palatasyna ses berişligiň bütin taryhynda rekord dereje boldy.

Ýokarky palata saýlawlar üç ýyldan bir gezek geçirilýär, ýöne aşaky palatadan tapawutlylykda tutuş düzüm täzeden saýlanman, deputatlaryň ýarysy saýlanýar.Häzirki saýlawlarda 15 partiýadan 545 dalaşgär 125 orun üçin bäsleşdi.

Proporsional ulgama laýyklykda, partiýa sanawlaryndan 50 deputat, saýlaw etraplaryndan 75 deputat saýlandy. Ýurduň hemme ýerinde 1,7 müň saýlaw uçastogy açylyp, saýlawlara gatnaşyk 52,04%-e deň boldy.

10-njy iýuldaky saýlawlardan soň Ýaponiýada 2025-nji ýyla çenli milli saýlawlar geçirilmez. Geňeşler palatasy 1947-nji ýylda Ýaponiýanyň täze Konstitusiýasynyň güýje girmegi we iki palataly mejlisiň çagyrylmagy bilen baglanyşykly döredildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşar
Putin Ýene-de 6 Ýyl Möhlet Bilen Russiýany Dolandyrar
Wladimir Putin Prezident saýlawlarynda sesleriň 87,33 göterimini gazandy
Ilkinji saýlawda ýeňiş gazandy
Sosial-demokratik partiýasy ýeňiş gazandy
Dalaşgär hökmünde bellige alyndy