Ilon Mask NASA Aý stansiýasynyň gurluşygynda kömek eder

Ilon Mask NASA Aý stansiýasynyň gurluşygynda kömek eder

NASA "Gateway" Aý stansiýasynyň gurluşygy boýunça iki kosmos modulyny işe girizmek üçin potratçy hökmünde Ilon Maskyň “SpaceX”-ni saýlady. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Agentligiň resmi web sahypasynda aýdylmagyna görä, şertnamanyň umumy bahasy 331,8 million dollara barabar boldy.Iki modulyň işe girizilmegi 2024-nji ýylyň maý aýyna meýilleşdirilýär.Muňa garamazdan, uçuşyň has-da gijikdirilmegi mümkin.

Häzirki wagtda daşaýjy raketa hökmünde ýük göterijiligi 64 tonna bolan “Falcon Heavy” saýlandy. Ýatlap geçsek, "Gateway" diýlip atlandyrylýan Aý stansiýasy Artemis programmasynyň bir bölegine öwrülipdi.Bu barada NASA 2019-njy ýylda mälim edipdi.

Programmanyň esasy maksady Aýyň üstüni öwrenmekden, şeýle hem alnan bilimleri geljekde Marsa uçuşlar üçin ulanmakdan ybarat bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Kosmosa çykan ilkinji arabystanly zenan
SPACEX HKS-e halkara toparyny ýollady
Dört astronawt Halkara kosmos bekedine iberildi
Dört astronawt Halkara kosmos bekedine iberildi
“Space X”-iň astronawtlary halkara kosmos bekedine bardylar