Iň ajy burçy iýip, rekord goýdy

Kanadaly Maýk Jäk dünýäniň iň ajy burçuny iýip, bu ugurdaky rekordy täzeledi. ABŞ-nyň Günorta Karolina ştatynda ösdürilip ýetişdirilýän burç Ginnesiň rekordlar kitabyna görä iň ajy burç hasaplanýar. Maýk Jäk “Carolina Reaper” atly bu burçdan 50 sanysyny, 6 minut 49 sekuntda iýip, rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. Jäk rekordy täzeländigine garamazdan, bu burçdan ýene 85 sanysyny iýdi.

Täze rekordsmen rekord goýandan soňra ilkinji burçy iýmegiň kyndygyny, emma ondan soňra iýen burçuň täsiriniň o diýen güýçli bolmaýandygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Wýaçeslaw Wolodin Aşgabada geldi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Tähranda Azerbaýjanyň ilçihanasyna edilen hüjümi ýazgardy, Türkmenistan we Germaniýa Aşgabatda syýasy geňeşmeler geçirdi we beýleki habarlar
Ak Tama Täze ýyl arçasy getirildi
Tramp bäş möhüm ştatda öňde barýar
Ilkinji uçuşyny 2026-njy ýylda amala aşyrar
Neýmar 2-nji gezek kaka boldy
Türkmenistanly gimnastikaçylar Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşda 20 medal gazandylar