Indoneziýanyň Premýer-ministriniň öýi goňşusynyň zibil ýakmagyndan ejir çekdi

Indoneziýanyň Premýer-ministriniň öýi goňşusynyň zibil ýakmagyndan ejir çekdi

Indoneziýanyň Premýer-ministri Maruf Aminiň hususy öýi goňşy öýde tutaşan ýangyn zerarly tas ýanypdy, waka goňşy ýaşaýan garry enäniň öýünde zibil ýakmagy sebäp boldy diýip, Detik portalyna salgylanýan RIA Nowosti ýazýar.

Portalyň habar bermegine görä, Premýer-ministriň öýüne aralaşan ýangyny dessine öçürdiler, jaýa ujypsyz zeper ýetdi. Goňşy aýalyň öýi bolsa tutuşlygyna ýandy, ýangyndan ejir çekenler ýok.

Ýangyn garry enäniň öýünde zibil ýakmagyndan başlanypdyr, ol ody gözegçiliksiz galdyrypdyr. Biynjalyk bolmaň, garry ene halas edildi, onuň ýagdaýy gowy diýip, Demirgazyk Jakartanyň ýangyn gullugynyň işgäri portala gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

Malaýziýada täze Patyşany saýladylar
Ýapon hünärmeni Türkiýede täze ýer titremesini çaklaýar
SSSR-iň halk artisti Ýuriý Solomin hassahana ýerleşdirildi
Forbes žurnaly ABŞ-nyň Prezidentligine iň baý dalaşgäri agzady
Türkmen diplomaty: Aýal-gyzlar üçin ýörite geýim talaby we sürüjilik şahadatnamasyny almakda çäklendirme ýok
Szinpin sanly söwdanyň dünýä ösüşine itergi berýändigini aýtdy