Iňlis klublarynyň uly hasaply ýeňişleri

UEFA Ýewropa Ligasynda 1/16 finalyň birinji oýunlary iňlis klublary üçin şowly geçdi. Iki topar myhmançylykda 4 golly ýeňiş gazanyp, beýleki ikisi-de deňme-deňlik bilen Angliýa dolandylar.

“Mançester Ýunaýted” myhmançylykda “Real Sosiedady” Bruno Fernandeşiň (2), Reşfordyň hem-de Jeýmsiň gollary bilen 40 utdy. “Tottenham” hem myhmançylykda “Wolfsbergeri” 41 ýeňdi. Londonlylara ýeňiş getiren gollary Hyn Min Son, Beýl, Lukas hem-de Winisius derwezä girizdi. “Benfika” “Arsenal” 11, “Slawiýa Praga” bilenem “Lester Siti” 0-0 deňme-deň oýnady.

Jogap duşuşyklary 25-nji fewralda oýnalar.

The post Iňlis klublarynyň uly hasaply ýeňişleri appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“La Ligada” öňdebaryjylar ýalňyşmady
“Barselona” ýeňiş gazanmak kyn, “Real Madride” bolsa ýeňil düşmedi
56 ýyllyk rekordy gaýtalady
Messi 17 ýyldan soň sanawda ýok, Ronaldo yzly-yzyna 18-nji gezek dalaşgär
Neýmar, Žesus, Winisius Braziliýanyň Katar 2022-däki gutarnykly düzümi mälim edildi
Goal-a görä, Messi Alty pökgä iň ýakyn futbolçy