Eýranyň Adam hukuklary merkeziniň sekretary Iňlisleriň gaçybatalga gözleýänleri deportasiýa etmek baradaky meýilnamasyny tankytlaýar
Eýranyň Kazyýetiň Halkara gatnaşyklary boýunça başlygynyň orunbasary we Eýranyň Adam hukuklary gullugynyň sekretary, Kazem Garibabadi, gaçybatalga gözleýänleri deportasiýa etmek baradaky jedelli Iňlis meýilnamasyna jogap edip: "Bu meýilnama Angliýanyň halkara borçnamalaryny we jogapkärçiligini bozmakdyr diýip nygtady".
Iňlis hökümeti bu ýurda bikanun giren gaçybatalga gözleýänleri Afrikanyň Ruanda ýurduna ibermekçidir.
Angliýanyň premýer-ministri tarapyndan gaçybatalga gözleýänleri zor bilen kowmak meýilnamasyna gol çekilenden soň "Bu hereket, adam we ahlak pikirlerini düýbünden äsgermezlik edýär we "Angliýanyň adam hukuklary baradaky erbet taryhyny görkezýär diýip Kazem Garibabadi aýtdy."
Iňlisleriň Ruanda gaçybatalga ibermek meýilnamasy, Angliýanyň hökümetiniň 1951-nji ýyldaky konwensiýany aç-açan bozýar we Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça ýokary Komissary ýaly köp guramalar, jemgyýetçilik guramalary we adam hukuklary aktiwistleri tarapyndan tankyt edilýär. 1951-nji ýyldaky konwensiýa laýyklykda şahsyýetleriň islendik ýurtda gaçybatalga soramaga hukugy bardyr we gaçybatalga berlen ýurt olaryň arzalaryna garamalydyr.
Boris Jonson hökümetiniň täze meýilnamasy Angliýadan gaçybatalga gözleýänleri çykarmaga döwlete has köp ygtyýarlyk berýär we şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri ýurda bikanun girenleri meýilnama giriziler.
Angliýa Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça ýokary Komissaryna we gaçybatalga gözleýänleriň hukuklaryny we howpsuzlygyny goramagy kepillendirýän Adam hukuklary boýunça Ýewropa konwensiýasyna gol çekdi. Ruanda köp ilatly Afrika döwletidir, onýyllyklaryň dowamynda ýer we baýlyklar boýunça bäsdeşlik onlarça ýyllap etnik we syýasy dartgynlyga sebäp bolup, hatda 1994-nji ýyldaky genosidi ýagny nesil girmak 800 000-den gowrak adamyň ölmegine sebäp boldy.
Iňlis hökümeti geçen ýyl Ruandadaky "raýat we syýasy hukuklara we metbugat azatlygyna yzygiderli çäklendirmeler" barada alada bildiripdi.
Elbetde, Iňlis hökümetiniň gaçybatalga gözleýänleri Ruandany zor bilen ibermek karary onuň halkara borçnamalaryndan gaçmagydyr.
