Ispaniýada Derweze restorany açyldy

Ispaniýada Derweze restorany açyldy

Ispaniýanyň Barselona şäheriniň merkezinde Derweze ady bilen restoran döredildi. Ol Barselona şäheriniň Malýorka köçesiniň 209-njy jaýynda ýerleşýär. Restoranyň beýle atlandyrylmagy Türkmenistandaky gaz krateri bilen baglanyşyklydyr. Bu barada Orient habar berýär.

Restoranda otda bişen towuk eti, etden we balykdan taýýarlanylýan tagamlaryň dürli görnüşi müşderilere hödürlenilýär.

Ýeri gelende bellesek, jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýän Derwezedäki gaz krateri il arasynda Garagum ýalkymy ady bilen belli bolup, ol Garagum sährasynyň merkezinde, Aşgabat şäheriniň 260 kilometr demirgazygynda ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

Seslenme: Özbek azlyklary özleriniň ene dillerinde bilim almaga hyjuwlanýar
Änew şäherindäki Ilatly restorany italýan aşhanasynyň muşdaklaryna garaşýar
Soltan Loft restorany: çagalar bilen rahat dynç alyş
Gül Zemin SDAM-daky Soltan restorany — maşgala dynç alşy üçin ajaýyp ýer
Expo City Dubai-da ilkinji türkmen restorany açyldy
Aşgabatdaky Eleven restorany paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny agşamlygy täsirli geçirmäge çagyrýar
Aşgabat gipermarketi amatly söwda etmäge çagyrýar