Italiýaly ozalky ýyldyz hüjümçi aradan çykdy

Italiýaly ozalky futbolçy, meşhur ýyldyz oýunçy Janluka Wialli 58 ýaşynda aradan çykdy.Ol 2017-nji ýyldan bäri onkologik keselden ejir çekýärdi.Euro 2020-de Italiýanyň ýygyndysynda öz jan ýaly dosty baş tälimçi Roberto Mançininiň kömekçileriniň biri bolan Wialli golaýda saglyk ýagdaýy sebäpli bu wezipesini taşlamaly bolupdy.

Wialli köp wagtdan bäri Londonda ýaşaýardy.

1964-nji ýylyň 9-njy iýulynda Italiýanyň Kremona şäherinde dünýä inen Wialli 1980-nji ýylda Kremonesada futbola başlaýar. 4 ýyl bu klubda çykyş edeninden soň özüne uly şöhrat getiren Sampdoriýa toparyna transfer bolýar. 1992-nji ýylda Ýuwentusa geçen Wialli bu topar bilen 1996-njy ýylda Çempionlar Ligasynyň kubogyny gazanýar. 1996-njy ýylda-da Çelsi bilen şertnama baglaşan Wialli bu toparda-da 1999-njy ýyla çenli çykyş edýär.

Klub futbolynda 673 oýunda 259 gol geçiren Wialli Italiýanyň ýygyndysy bilen 1990-njy ýylda Dünýä Kubogynda bürünç medala mynasyp bolýar.Serie A-da Sampdoriýadyr Ýuwentus bilen 2 gezek çempion bolan Wialli milli ýygyndyda 59 duşuşykda 16 sapar tapawutlanýar.

Wialli gysga wagtlyk Çelsidir (1998-2000) Watford (2001-2002) toparlaryna tälim beripdi. 2 çaganyň kakasy Wialli tälimçi hökmünde Çelsi bilen FA Kubogyny, Liga Kubogyny, UEFA Kubokçylaryň Kubogyny, UEFA Super Kubogyny hem-de FA Charity Shield (häzirki Community Shield) kubogyny gazanýar.

Ýeri gelende aýtsak, golaýda Serie A-da ençeme ýyl çykyş eden serbiýaly meşhur goragçy Sinişa Mihailowiç hem onkologik keselden aradan çykypdy.

Ýene degişli makalalar

50 oýundan soň, ilkinji gezek
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär
Sport gysga habarlar
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
Italiýaly tälimçi ýurduna dolandy
“Serie A”-dan “Premier Liga” transfer boldy