Jebelde Halkara howa menzili gurlar

Jebelde Halkara howa menzili gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu gün gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Halkara howa menzili gurlar.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenhowaýollary agentligine Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Halkara howa menziliniň toplumynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadandaşdyryp gurmak barada Gündogdy hususy kärhanasy bilen şertnamany, Halkara howa menziliniň toplumy üçin eltiji awtomobil ýollaryny, aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak we umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we Halkara howa menziliniň toplumyny 2024-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen kärhanasy Jebeldäki Halkara aeroportuň gurluşygyny alyp barýar
Jebel şäherçesindäki Halkara howa menziliniň gurluşygyna başlanýar
Jebeliň täze howa menziliniň gurluşygy Gündogdy hususy kärhanasyna ynanyldy
Ozal bitiren işleri sorag astynda galýan hususy kärhana täze aeroport ynanyldy
Ozal bitiren işleri sorag astynda galýan hususy kärhana täze aeroport ynanyldy
Gündogdy hususy kärhanasy Jebelde (Balkan welaýaty) Halkara howa menziliniň gurluşygyna başlady.
Sekiz müňden az adam ýaşaýan Jebelde Halkara howa menziliniň gurluşygyna başlandy