Jokowiç ýene lidere öwrüldi

Jokowiç ýene lidere öwrüldi

Awstraliýa Açyk bäsleşiginden soňra täzelenen ATP reýtinginde ýylyň ilkinji uly tuwulgasynda çempion bolan serbiýaly Nowak Jokowiç birinji basgançaga geçdi. Ol ýaryşdan ozalky reýtingde bäşinji ýerde barýardy. Täzelenen reýtingde ozalky lider ispaniýaly Karlos Alkaras ikinji ýere ornaşan bolsa, Stefano Sissipas bilen Kasper Ruud ýerlerini çalyşdylar, ýagny gresiýali tennisçi üçünji, norwegiýaly tennisçi hem dördünji orna ýerleşdi.

Bir basgançak ýokarlan russiýaly Andreý Rublýow güýçli bäşligi jemledi. Ozalky reýtingde ikinji orny eýeläp duran Rafael Nadal bolsa altynjy ýere çenli pesledi.

Ýene degişli makalalar

Jokowiç “Uly tuwulgalaryň” hökümdary
Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi
Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi
Russiýaly tennisçi Medwedew dünýäniň birinji raketkasy boldy
Daniil Medwedew ATP-niň reýtinginiň başyna geçdi
Karlos Alkaraz otly kortlardaky ilkinji çempionlygyny gazandy